Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmen-azerbaýjan halkara deňiz ulaglary hyzmatdaşlygy pugtalanýar
Düýn Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna täze “Azerbaýjan“ paromy geldi. Ol özüniň ilkinji ýüzüşini Türkmenistana iş gatnawy bilen başlady.
Berkarar döwletimiziň awtomobil ulaglary ulgamy ösüşleri nazarlaýar
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-aprel aýlarynda “Türkmenawtoulaglary” boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 129,1 göterim ösüş gazanyldy.
Eýran Türkmenistan serhediniň ýanynda erkin ykdysady zolagy dörediler
Eýranyň demirgazygyndaky Golestan welaýatynyň häkimi Hadi Hagşenas Türkmenistan bilen serhetleşýän Inçeburun şäherinde erkin ykdysady zolagyny döretmek baradaky Kanunyny Eýranyň Maksadalaýyklygy kesgitleýiş geňeşi tarapyndan tassyklanandygyny aýtdy. Bu barada Eýranyň “Mehr News” agentligi çarşenbe güni habar berdi.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ösüşli gadamlary
2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda bellenilen meýilnama 157,4 göterim ýerine ýetirildi we 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 116,4 göterim ösüş gazanyldy.
SANLY YKDYSADYÝETE TARAP TÄZE ÄDIM
Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary boýunça ýaýbaňlandyrylýan ösüşleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň ulaglar düzümini düýpli, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy dowam etdirilýär.
Poçta hyzmatlary kämilleşýär ýa-da poçta aragatnaşygynyň ösüş taryhy hakynda
Dünýä taryhyna ser salanymyzda aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşdirilip başlan gününden bäri ýaşaýşa tizlik beren beýik açyşlaryň, öňegişlikleriň sany ýyl-ýyldan artmaga başlaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa bu ulgam kämil derejä ýetirilip, täzelikleriň gerimi ýyllar ýa aýlar bilen däl, günlerdir sagatlar bilen ölçenýär.
Pakistan Türkmenistan bilen söwdany işjeňleşdirmegi maksat edinýär
Pakistan Owganystan we Merkezi Aziýa döwletleri bilen söwdany işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Pakistanyň premýer-ministri Imran Hanyň söwda boýunça geňeşçisi Abdul Razak Daudyň sözlerine salgylanyp “Bloomberg” agentligi duşenbe güni habar berdi.
GÜNDOGARYŇ HOWA DERWEZESINDE ÝÜK GATNAWY ÝAÝBAŇLANÝAR
Asyrlaryň dowamynda ýollar, köprüler örän ähmiýetli bolup, olar uzak aralygy ýakynlaşdyryp, halklary, kalplary birleşdirip, adamlaryň birek-biregi bilen gatnaşmaga bolan mümkinçiligini we höwesini artdyrypdyr. Dost-doganlygy pugtalandyryp, haýyrly işlere, tutumly maksatlara, şowlulyklara ugrukdyrypdyr.
Aşgabatda 15 gün awtoulagsyz gün diýlip yglan edildi
Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy esasynda Aşgbatda ekologik abadançylyga ýardam berýän awtoulagsyz günler geçirilýär.
AŞGABADYŇ 140 ÝYLLYGYNA köpçülikleýin ekologiýa çäreleri geçiriler
Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary paýtagtymyzda 10-njy maýdan 25-nji maý aralygynda ekologiýa çäresini guramak baradaky başlangyç bilen çykyş edýär. Bu çärä isleg bildirýän ähli adamlar gatnaşyp biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.