Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
168ff3c9edc160.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanda Maglumat tehnologiýalary babatda Startap bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly Maglumat tehnologiýalary babatda startap bäsleşiginiň geçirilýändigini barada habar berdi. Bäsleşik ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.

168ff3987bb5aa.jpeg
1 ýyl ozal
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy bellenildi

Düýn ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

168ff3a936924d.jpeg
1 ýyl ozal
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň V mejlisi geçirildi

25-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň V mejlisi geçirildi. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan edermen alabaýlaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr.

168fb2024e454e.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň wekiliýeti 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy.

168fb1e4ba29b8.jpeg
1 ýyl ozal
Innowasiýalar, akylly tilsimatlar we häzirki zaman ulag düzüminde öňdebaryjy tejribeler bir meýdançada

12–14-nji noýabry aralygynda Türkmenistanda «Türkmentel–2025» atly Halkara sergisi we ylmy maslahaty hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş – 2025» atly Halkara maslahaty we sergisi geçiriler.

168fb1cd7780c5.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Hytaý täze multimodal gatnaw ýoluny işe girizdiler

Hytaý, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan bilelikde ýük daşamak üçin täze halkara multimodal gatnaw ýoluny açdylar, bu gatnaw ýoly Orta geçelge hökmünde hem tanalýan Hazarüsti halkara ulag gatnaw ýolunyň günorta şahasy bolup durýar.

168fb1b0a69318.jpeg
1 ýyl ozal
Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara tagallalara 80 ýyl

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

168f9c46b3141b.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Başlygy bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň arasynda duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Başlygy bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

168f9c2b647925.jpeg
1 ýyl ozal
Aşgabat 2026-njy ýylda GDA-nyň Demir ýol ulaglary boýunça geňeşiniň mejlisini kabul eder

GDA gatnaşyjy döwletleriň Demir ýol ulaglary boýunça geňeşiniň müdirligi, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine Geňeşiň 84-nji mejlisini 2026-njy ýylyň maý-iýun aýlarynda Aşgabatda geçirmegi teklip edip hat iberdi.

168f9c0a38585f.jpeg
1 ýyl ozal
Sanlylaşdyrma we emeli aň ulgamlary: Türkmenistanyň gümrük gullugynyň BAE sapary

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi we Dubaý şäherlerine iş saparyny amala aşyrdylar. Sapar Abu-Dabi şäheriniň Gümrükhanasy tarapyndan BMG-niň Halkara Söwda Merkezi bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.