Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Aşgabatda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasy geçiriler
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi dünýäniň dürli künjeginden telekeçileri, maýadarlary hem-de bilermenleri 2025-nji ýylyň 29-njy aprelinden 1-nji maýyna çenli Aşgabatda geçiriljek «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrýar.
Ýolagçylara edilýän hyzmatlar has-da kämilleşdiriler
Türkmenistanda şu ýylyň ýanwar aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 101,9, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 104,8 göterime deň boldy.
Aşgabatda hil ölçegleri we sertifikasiýa boýunça halkara maslahaty geçiriler
Aşgabatda 29-30-njy aprel aralygynda «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty (QACIS 2025) geçiriler. Bu çäre önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, halkara ülňüleri ornaşdyrmak we hil dolandyryş prosesleriniň sanlylaşdyrylmagy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder.
Ulag-aragatnaşyk pudagy – Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň hereketlendirijisi
Türkmenistan durnukly ykdysady ösüş depginlerini görkezmegini dowam etdirýär. 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň jemlerine görä, ýurduň jemi içerki önümi 6,3% ýokarlandy. Bu işde 11,1% ösüş depginini görkezen ulag-aragatnaşyk pudagynyň möhüm goşant goşandygy bellärliklidir.
Samarkantdaky sammitiň öňüsyrasynda Aşgabatda “ÝB-Merkezi Aziýa” ministrler maslahaty geçiriler
2025-nji ýylyň 4-nji martynda Aşgabat şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrler maslahaty geçiriler. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu çäre Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde 3-4-nji aprelde Samarkant şäherinde geçiriljek ilkinji “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” sammitine taýýarlyk görmegiň möhüm bölegine öwrüler.
Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri köptaraply hyzmatdaşlygyň maksatnamalaryny maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin 2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda telefon arkaly söhbetdeş boldular.
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Ženewada Türkmenistanyň SPECA başlyklyk etmeginiň çäklerinde ulag boýunça çäre geçirildi
“Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygyndaky SPECA sebiti: Durnukly multimodal ugurlary ösdürmekde sebitara baglanyşygy ösdürmek” – şeýle at bilen çäräni, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG-niň ÝYK) Sekretariaty bilen bilelikde gurnady.
Türkmen wekiliýeti Tähranda geçiriljek üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar
17-18-nji fewralda Tähranda üçünji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Oňa Türkmenistandan hem ýokary derejeli wekiliýet gatnaşar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginde aýtdy.
«Ahalawtoulag» önümçilik birleşigi sürüjiler üçin boş iş orunlarynyň bardygyny yglan etdi
«Ahalawtoulag» önümçilik birleşigi sürüjiler üçin boş iş orunlarynyň bardygyny yglan etdi. Iş ýerleri degişli sürüjilik şahadatnamasy we ýeterlik iş tejribesi bolan adamlar üçin açykdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.