Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Aragatnaşyk pudagynyň ýaşlary ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmegi we kämilleşdirmegi özlerine baş maksat edinýärler
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» «Türkmenaragatnaşyk» agentligi sanly hyzmatlaryň täzeçilliklerini artdyrmak boýunça aýdyň maksatlary öňünde goýýar.

Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň Gözegçilik-seljeriş merkezi açyldy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda täze döredilen Gözegçilik-seljeriş merkeziniň açylyş dabarasy hem-de Hormatly Prezidentimiziň adyndan Aşgabat we Arkadag şäheriniň hem-de welaýatlaryň gümrükhanalaryna ýeňil awtoulaglaryň sowgat berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi.

Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek ugrunda halkara forumy geçiriler
Astrahan sebitinde Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek taslamasynyň çäginde 2025-nji ýylda giň gerimli halkara işewürlik forumy geçiriler. Bu waka portlaryň ýörite ykdysady zolagy esasynda peýdalanylmagyny meýilleşdirilýän rus-türkmen bilelikdäki taslamany ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy meýdança bolar diýip, «А24» neşiri ýazýar.

«ÇaparPay» ykjam programmasyna poçta ýollamalaryny yzarlamak hyzmaty girizildi
«ÇaparPay» poçta ýollamalaryny yzarlamak üçin täze bölüm girizmek bilen, ykjam programmasynyň mümkinçiliklerini giňeltdi. Ulanyjylar indi programmada bukjalarynyň, hatlarynyň we beýleki ýollamalarynyň ýagdaýyny aňsatlyk bilen barlap bilerler.

Türkmenistan bilen Ýaponiýa uçar arkaly ýük daşamalary guramak meselelerini öwrendiler
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň wekilleri ýapon agentliklerindäki kärdeşleri bilen birnäçe gepleşikleri geçirdiler. Olaryň dowamynda Aşgabadyň we Tokionyň arasynda uçar arkaly ýük daşamalaryny guramak meselelerine aýratyn üns berildi.

Ýurdumyzda fewral aýynda möhüm ähmiýetli çäreler geçiriler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlsinde wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Pakistanyň Milli logistika korporasiýasynyň wekilleri bilen ulag gatnawlary meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Zahir Uddin Babaryň ýolbaşçylygyndaky Pakistanyň Milli logistika korporasiýasynyň (NLC) wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi
2025-nji ýylyň 13-16-njy ýanwary aralygynda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň wekilleri Ýaponiýanyň birnäçe edaralarynda bolup, iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça özara bähbitli meseleler barada gepleşik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadkay ilçihanasy habar berdi.

BMG-niň baş binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga berildi
Birleşen Milletler Guramasynyň baş binasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Kararnama laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalda berildi. Bu başlangyç döwletleriň arasynda dialogyň we hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär
Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli deňiz we derýa ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.