Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1689d71a2987ce.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistan sebitde howa gatnawyny giňeltmek boýunça gepleşiklere gatnaşýar

Astanada Merkezi Aziýa ýurtarynyň we Hytaýyň raýat awiasiýasynda hyzmatdaşlyk boýunça Iş toparynyň Ikinji maslahaty geçýär. Gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň awiasiýa edaralarynyň, awiakompaniýalarynyň we howa menzilleriniň wekilleri bar.

1689d6a116c9b6.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistan bilen Pakistan söwda we ulag mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi Atajan Möwlamow duşenbe güni Yslamabatda Pakistanyň Federal Maliýe we girdejiler ministri senator Muhammad Aurangzeb bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar işewürlik üçin amatly şertleri döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berýär.

1689d669e4f1bd.jpeg
11 aý ozal
Hereketleriň Awaza maksatnamasy — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ösüşiň «Ýol kartasy»

2024-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwletiň ösüş maksatlaryny goldamak boýunça ählumumy borçnamalaryň täzelenen we kämilleşdirilen görnüşidir.

1689c130a75fb6.jpeg
11 aý ozal
ÝÖB: Türkmenistan Ýewraziýanyň ulag ulgamyna $5,3 milliard maýa goýdy

2025-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli Türkmenistan Ýewraziýanyň ulag ulgamynyň ösüşine goýan maýa goýumlarynyň möçberi 5,3 milliard ABŞ dollara ýetdi. Bu barada Ýewraziýa ösüş banky (ÝÖB) habar berýär.

1689c1278a534a.jpeg
11 aý ozal
Awazada Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreler geçirildi

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi.

1689ae776db035.jpeg
11 aý ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýa Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça günde 6 uçuş amala aşyryp başlady

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenbaşy halkara howa menziline uçuşlaryň ýygylygyny günde 6 uçuşa çenli ýokarlandyrdy. Bu barada awiakompaniýa habar berýär.

1689ad68cc3d41.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistan Ýewraziýanyň ulag çarçuwasynyň ösdürilmegine 5,3 mlrd dollar maýa goýýar

2025-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Ýewraziýanyň ulag çarçuwasynyň (ÝUÇ) ösdürilmegine goýlan maýa goýumlarynyň möçberi 5,3 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Bu barada «Report» Ýewraziýa ösüş bankynyň “Ulag taslamalarynyň obserwatoriýasynyň» maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

1689ad457c6027.jpeg
11 aý ozal
Ulaglar arkaly türkmen-azerbaýjan söwda dolanyşygy barha artýar

2025-nji ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $140,2 milliona deň boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Azerbaýjanyň daşary söwda dolanyşygyndaky paýy 0,57% deň bolup durýar, diýip “Trend” agentligi penşenbe güni habar berdi.

1689ae9556b5f3.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin uçarmanlar Türkiýede taýýarlanylar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” AGPJ bilen Turkiýe Respublikasynyň Turk Hava Kurumu Uniwersitetiniň arasynda gol çekilen “Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” laýyklykda, Türkiýe Respublikasynyň Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetinde 2025-2029-nji okuw ýyllary boýunça Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin uçarmanlary taýýarlamak meselesine seredildi.

1689ad2f5380ab.jpeg
11 aý ozal
Umumy maksatlaryň bähbidine netijeli dialogy pugtalandyryp

Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm goşant boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.