Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16809c852a5634.jpeg
10 aý ozal
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi geçirildi. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen çärä Türkmenistanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, assosiasiýanyň agzalary, ýurdumyzdan we daşary döwletlerden atşynaslar gatnaşdylar.

168088e41ec180.jpeg
10 aý ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa we Kazan ugurlary boýunça uçuşlara başlar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji maýdan Aşgabatdan Moskwa we Kazan şäherlerine uçar gatnawlaryny täzeden başlar – diýip, kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

1680885e8166b9.jpeg
10 aý ozal
Kuala-Lumpurda halkara maýa goýum forumy geçirilýär

23-24-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler.

168073e234284c.jpeg
10 aý ozal
Aşgabatda «Yutong» kysymly sowadyjyly ýolagçy awtobusy synag edilýär

Ilki synag etmek maksady bilen Aşgabada getirilen, uzynlygy 12 metr bolan «Yutong» kysymly sowadyjyly ýolagçy awtobusy şu günler paýtagt şäheriň şaýollarynda hereket edýär. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

168073173d6f92.jpeg
10 aý ozal
KazanForum maslahatynda sanly serhetleriň goraglylygy hem-de kiber hüjümlere garşy göreş barada pikir alyşylar

2025-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” Halkara ykdysady forumynda sanly serhetleriň goraglylygyna we kiber hüjümlere garşy göreşe aýratyn üns beriler.

1680735596ce76.jpeg
10 aý ozal
Turkish Airlines Aşgabat-Stambul gatnawlaryny hepdede 17–ä çenli köpelder

Türkmen raýatlarynyň Türkiýä syýahatlaryna bolan barha artýan gyzyklanmasynyň netijesinde Turkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabat-Satmbul ugry boýunça gatnawlaryny hepdede 17-ä çenli köpelder. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok habar berdi.

1680732ed19321.jpeg
10 aý ozal
Aşgabatdaky №18 we №77 awtobuslaryñ hereket ediş ugry üýtgedildi

2025-nji ýylyň 21-nji aprelinden başlap Aşgabatda 18-nji “Parahat 7 – Howa menzili” we 77-nji “Teke bazar - Awtokombinat” awtobuslaryñ hereket ediş ugurlaryna üýtgeşme girizildi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär.

1680730afc33ca.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistan Ýük markalary hakynda halkara Konwensiýasynyň Teswirnamasyny tassyklady

Türkmenistan 1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda halkara Konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna resmi taýdan goşuldy. Degişli Kanun anna güni çap edilen “Neýtralnyý Türkmenistan gazetinde çap edildi. 

16805dd0bc284f.jpeg
10 aý ozal
Mary halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň "Türkmenhowaýollary" agentliginiň Mary halkara howa menzili menziliň içerki aragatnaşygyny üpjün etmek maksady bilen göterilýän radiostansiýalary satyn almak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

16805da6e8687e.jpeg
10 aý ozal
Arkadag şäherinde YHG-niň birinji ministrler forumy geçiriler

Şu ýylyň aprel aýynda Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler. Iri halkara çärä taýýarlyk görlüşi hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.