Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
168830df64720d.jpeg
1 ýyl ozal
Ulag ulgamy — dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň möhüm şertleriniň biri

Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanan makalalar toplumyny dowam etmek bilen, onuň çäklerinde meýilleşdirilýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly çäreleriň möhümdigini bellemek gerek.

16887138a66401.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistan ÝUNESKO bilen bilelikde sanly bilim we emeli aň boýunça halkara forumy geçirer

2025-nji ýylyň 25-nji iýuly, anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

1688313f8ee3b2.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalaryň Awazada dynç almagy üçin goşmaça uçar gatnawlaryny guraýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 17–26-njy awgusty aralygynda Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan çagalary Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş-dikeldiş merkezlerine äkidip-getirmek maksady bilen, goşmaça uçar gatnawlaryny guraýar. Bu hakda «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy habar berýär.

168831247673e4.jpeg
1 ýyl ozal
Bilim ministrligi "MenTalyp" atly täze programmany işe girizdi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi "MenTalyp" atly täze programmany işe girizdi. Bu programma dalaşgärlere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglaryny tabşyrmak üçin taýýarlyk görmek maksady bilen döredildi.

1688311a569de3.jpeg
1 ýyl ozal
IAEA-nyň wekilýeti Awazada geçiriljek LLDC3 maslahatyna gatnaşmagy meýilleşdirýär

Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (IAEA) 2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) ýokary derejede gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Agentligiň Baş direktory Rafael Grossi IAEA-däki Türkmenistanyň hemişelik wekili hem-de ýurduň Awstriýadaky ilçisi Hemra Amanazarow bilen geçiren duşuşygynda mälim etdi.

1688072edd7027.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly – 2025» rallisinde birinjiligi eýelediler

12-nji iýulda badalga alan Russiýa Federasiýasyndan Mongoliýa Respublikasyna uzaýan «Ýüpek ýoly – 2025» rallisi 22-nji iýulda tamamlandy.

1688072789e9b3.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýurduň içerki uçar gatnawlarynyň tertibini täzeledi

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda ýurduň çäklerinde amala aşyrylýan uçar gatnawlarynyň täze tertibi ýerleşdirildi. Bu tertip 2025-nji ýylyň 25-nji iýulyndan güýje girýär.

1688071a098d4c.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça maslahatyna meýletinçileri taýýarlaýarlar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyna taýýarlyk bilen bagly okuw sapaklary geçirilýär.

1687f7c70ae878.jpeg
1 ýyl ozal
Eýranyň Sarahs demir ýolunyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar

Türkmenistan bilen serhetleşýän Eýranyň Sarahs demir ýol geçelgesiniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Häzirki wagta çenli taslamanyň 60%-i ýerine ýetirildi. Bu barada IRNA agentligi ýekşenbe güni habar berdi.

1687f7bc4a8db8.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanda “Dalaşgär – 2025” şygary esasynda interaktiw platforma işe girizildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan “Dalaşgär – 2025” şygary esasynda Ýokary okuw mekdeplerine resminamalary tabşyran dalaşgärleriň san maglumatynyň aç-açanlygyny üpjün etmek maksady bilen dalasgar.bilim.tm atly täze interaktiw internet-platforma işe girizildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.