Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1684a6d08bffcd.jpeg
11 aý ozal
12-nji iýundan başlap Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky ýolda gatnawlar wagtlaýyn çäklendirilýär

2025-nji ýylyň 12-nji iýunyndan başlap Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky gatnawly ýolda gurluşyk-gurnama işlerini geçirmek zerurlygy ýüze çykany üçin gatnawlar wagtlaýyn çäklendirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen bildirişde habar berildi.

1684a6c3bdab60.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 9-11-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

1684a6b19705cb.jpeg
11 aý ozal
Türkmen kontenti halkara Silk Way media platformasyna çykýar

Silk Way Central Asia halkara media taslamasynyň çäklerinde türkmen tomaşaçylary üçin kontenti uýgunlaşdyrmak boýunça işler güýçlenýär. Geljekde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen material alyşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek meýilleşdirilýär.

1684a699ca5658.jpeg
11 aý ozal
Aşgabatda “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarka açyldy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde çarşenbe güni “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady.

168490e0fc8353.jpeg
11 aý ozal
Aşgabat halkara howa menzilinde täze sanly çözgütler

Türkmenistanyň ulag infrastrukturasyny tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän giň möçberli işler netijesinde, Aşgabat halkara howa menzili hyzmatlaryň hil derejesini täze belentliklere çykardy.

168490b7891453.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistanda sanly bank hyzmaty barha pugtalandyrylýar

Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2025-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 6 milliard 773 million manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.

1684909541d4c4.jpeg
11 aý ozal
Hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri

Häzirki wagtda Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dostlukly döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny, sebit we ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärli çemeleşýändigini görkezip, netijeli daşary syýasy ugry durmuşa geçirýär.

1684905630aa85.jpeg
11 aý ozal
DEMIR ÝOL HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRYLÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz günsaýyn özgerýär. Ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ulag we kommunikasiýa ulgamy hem güýçli depginde ösüşlere beslenýär. Bu ugurda diňe ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsem, halkara derejesinde hem ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglylykda Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmäge gönükdirilen «Bir guşak — bir ýol» taslamasy tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär.

16847d2c2f2ba9.jpeg
11 aý ozal
“EKSPO-2025”: Türkmenistanyň pawilýonynyň meşhurlygy artýar

Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi öz işini dowam etdirýär. Halkara sergisine işjeň gatnaşýan Türkmenistan döwletimiz ilkinji bolup, “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde özüniň Milli gününi belledi.

16847d21e4fbb6.jpeg
11 aý ozal
Şu gün Aşgabatda Türkmenistan bilen Tailandyň futbol ýygyndylary duşuşar

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogynyň-2027-niň saýlama tapgyrynda Tailandyň ýygyndy toparynyň garşysyna ýaşyl köýnekçede çykyş eder. “D” toparçanyň ikinji tapgyry şu gün, 10-njy iýunda «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da başlanar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.