Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1679c5679e46ca.jpeg
11 aý ozal
Gazagystan bilen Türkmenistan sürüjiler üçin wizalary ýatyrmak mümkinçiligini öwrenýärler

Gazagystan bilen Türkmenistan sürüjiler üçin wiza talapnamalaryny ýatyrmak mümkinçiligini öwrenýärler. Munuň özi Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň çäkleri arkaly Ýewropa uzaýan goşmaça ulag geçelgelerini döretmek boýunça Gazagystanyň tagallalaryna laýyk gelýär diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi çarşenbe güni habar berdi.

1679c528771207.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistan “Ulag pudagynda zenanlar (WiT)” atly ulgamy girizimek dabarasyna gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Ýewropa we Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýaly sebitler üçin niýetlenen “Ulag pudagynda zenanlar (WiT)” atly ulgamy girizimek dabarasyna gatnaşdy. Guramaçylyk maslahaty Stambulda geçirildi.

1679c50579d7e3.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistan Kuala-Lumpurdaky “TEIF 2025” maslahatynda maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrar

23–24-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara maslahat (TEIF 2025) geçiriler. Ol Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategik taýdan möhüm ähmiýetli pudaklaryna düýpli maýa goýumlary çekmäge amatly mümkinçiligi döreder diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

1679c4f936f936.jpeg
11 aý ozal
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl: gurluşyk-senagat toplumy we elektroenergetika pudagy

2024-nji ýyl uly zähmet ýeňişleri, beýik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň täze taryhynyň ýyl ýazgysyna nobatdaky şanly ýyl hökmünde girdi. Beýleki ulgamlarda bolşy ýaly, gurluşyk-senagat toplumynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Milli we döwlet maksatnamalarynyň, sebit hem halkara ähmiýetli iri taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilmeginde bu topluma kesgitleýji orun degişlidir.

1679b05e0a6527.jpeg
11 aý ozal
«Awtomobil ulag hyzmaty» takside we mikroawtobuslarda işlejek sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti takside we mikroawtobuslarda işlejek sürüjileri üçin boş iş orunlarynyň bardygyny yglan etdi. Iş ýerleri degişli sürüjilik şahadatnamasy we ýeterlik iş tejribesi bolan adamlar üçin açykdyr.

1679b042093404.jpeg
11 aý ozal
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň özbek dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň özbek dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň binasynda geçirildi.

1679b039816c1a.png
11 aý ozal
Ýurdumyzda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly Halkara forum geçiriler

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň 18-nji martynda ýurdumyzyň hususy pudagyna maýa goýumlary çekmeklige bagyşlanan «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2025) atly Halkara forum geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Söwda-senagat edarasy tarapyndan «TMT Consulting Group» kompaniýasy bilen bilelikde guralar.

1679b00d6904ae.jpeg
11 aý ozal
Milli mirasy aýawly saklamak — mynasyp geljegi berkarar etmegiň möhüm şerti

Medeniýet ulgamy häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Çünki medeniýet milli ruhy gymmatlyklaryň esasyndaky döwlet we jemgyýetçilik taglymatlarynyň kemala gelmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

16799c91ac01ee.jpeg
11 aý ozal
Türkmenistan we Gazagystan sürüjiler üçin wiza düzgünini aradan aýyrmagy göz öňünde tutýar

Gazagystan Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň çägi arkaly Ýewropa uzaýan alternatiw ulag geçelgelerini ösdürýär. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kazinform» habar berdi.

16799c64363dcb.jpeg
11 aý ozal
S7 Moskwa-Aşgabat uçar gatnawlarynyň sanyny hepdede 14-e çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

«Rosawiýasiýa» edarasy S7 awiakompaniýasyna Moskwa-Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawlarynyň sanyny hepdede 7-den 14-e çenli köpeltmäge rugsat berdi – diýip, RIA Nowosti agentli habar berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.