Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Türkmenistan - melhemler mekany
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň XVII jildiniň çap edilmegi ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Milli Liderimiziň bu köp jiltli ylmy neşiri diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginiň arasynda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döretdi.
SAGDYN IÝMIT - SAGDYN DURMUŞ
Ata-babalarymyzyň paýhasyndan döräp, nesilden-nesle geçip, her birimiz üçin durmuş ýörelgesine öwrülen “Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok”, “Saglyk — baýlyk” diýen parasatly pähimlerden hem görnüşi ýaly, saglyk her bir ynsanyň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak iň gymmatly baýlygydyr. Ynsan durmuşy üçin zerur bolup durýan şeýle baýlygy gazanmak, elbetde, biziň özümize bagly.
BILIM ULGAMYNYŇ INNOWASION ÖSÜŞI - KÄMIL GELJEGIŇ BINÝADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem innowasion we tehnologiki esasda ösdürilýär. Häzirki döwürde kompýuter tehnologiýasynyň ösmegi bilen maglumat alyş-çalşygy täze many-mazmuna eýe boldy. Çünki häzirki döwürde maglumat we aragatnaşyk ulgamy, kompýuter tehnologiýasy uly ösüşlere eýedir.
BILIM ULGAMYNDA DÖWREBAP GADAMLAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň durnukly ösüşinde oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda bu ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny netijeli ulanmak, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
GEÇMIŞIŇ ŞÖHRATLY, GELJEGIŇ AÝDYŇ
Uzak Gündogardan gözbaş alyp, Günbatarda Ortaýer deňzine çenli uzap gidýän Beýik Ýüpek ýoly Türkmenistanyň çäginde hem birnäçe şäherleriň, galalaryň, kerwensaraýlaryň üstünden geçipdir. Bu bolsa türkmen topragynda ýerleşen şäherleriň ählitaraplaýyn gülläp ösmegine amatly şert döredipdir.
GARAGUM SÄHRASY – TÄSINLIGIŇ HEM-DE GÖZELLIGIŇ MEKANY
Mukaddes türkmen topragy täsin tebigy gözellikleri bilen dünýäniň alymlarynyň hem jahankeşdeleriniň ünsüni hemişe özüne çekýär. Ol ilkinji nobatda täsin tebigatly ajaýyp Garagum sährasy, onuň özboluşly ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garagum sährasy türkmen kalbynyň aýrylmaz bir bölegidir.
Garaşsyzlyk — halkymyzyň buýsanjy
Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän günlerinde döwletliligiň esasy alamatlary bolan Konstitusiýa, Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy we Döwlet senasy milli miras paýhaslarynyň jemlenen beýany bolmak bilen ýurdumyzda we bütin dünýäde dabaralanýar. Garaşsyzlyk parasatly pederlerimiziň arzuw-isleglerinden wysal bolup, halkymyza eşretli durmuşy bagyş etdi.
GADYMY HEM MÜDIMI HALY SUNGATY
Haly - bu mährem enelerimiziň, gelin-gyzlaryň el hünäriniň gudraty bilen döreýän nepis sungat, özem gadymy sungat. Göreniňden özüne maýyl edýän halynyň taryhyna ser salsaň, özüň şol sungatyň eýesi bolan halkyň perzendidigiňe guwanýarsyň. Gadymdan bäri inçe sungat hökmünde tanalýan türkmen haly görnüşlerine teke, ýomut, beşir, ärsary, çowdur taýpa halylary girýär.
INNOWASION USULLARYŇ IŞJEŇLIGI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri döwrebap ösdürip, öz milli köklerimiz esasynda guramak, ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzyň göreldesinde terbiýelemek mugallymlaryň öňündäki esasy wezipeleriň biri bolup durýar.
ADAMZAT KALBYNYŇ ŞAHYRY
Türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik akyldary, sarsmaz sütüni, milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur manyly, agzybirlige mertlige dogruçyllyga, il-gününe, Watanyna wepaly bolmaga çagyrýan ajaýyp şygyrlary asyrlar geçse-de öz gymmatyny ýitirmeýär, gaýtam ol has-da belende galýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.