Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
2 ýyl ozal
YLYM ULGAMY ÖSÜŞLERIŇ ÝOLUNDA

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Ylmy-barlaglary alyp barmak üçin zerur şertler döredilýär. Gadymy Änew, Nusaý, Şähryslam, Şahrihaýbar, Paryzdepe, Dehistan, Amul, Köneürgenç, Merw ýaly gadymy medeni ojaklarda türkmen we daşary ýurtly alymlary, hünärmenleri tarapyndan arheologik gazuw-agtaryşlar, ylmy barlaglar, dikeldiş işleri yzygiderli geçirilýär.

1618040d2e7eb5.jpeg
6 aý ozal
PARAHATÇYLYGA ESASLANÝAN HEMIŞELIK BITARAPLYK

Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr. Bu türkmen döwletiniň, agzybir türkmen halkynyň dünýäniň ýüzünde ýeten belent derejesidir. Hemişelik Bitarap ýurtda ýaşamak, işlemek, döretmek, gurmak uly bagt hem belent mertebedir. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy adamzadyň gymmatly ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara düşünişmek, dost-doganlyk ýörelgelerini beýan edýär.

1617c3173965a0.jpeg
6 aý ozal
HEMIŞELIK BITARAPLYK TAGLYMATY — DURNUKLY ÖSÜŞIŇ GIREWI

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli urp-adatlaryndan kemala getirilen aýdyň ýörelge bolmak bilen, gündelik durmuşymyza mäkäm ornaşan taglymatymyzdyr, türkmen halkynyň döwletara gatnaşyklarynda esasy ýörelgesidir.

2 ýyl ozal
Ýeňişli ýollaryň şöhraty

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagynda, Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde, ýurdumyzda Watan goran merdana atalarymyzyň, tylda halal zähmet çeken enelerimiziň sarpalary belent tutulýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzda hem hormatly Prezidentimiziň ýörite resminama gol çekmegi bilen, olara gymmat bahaly sowgatlar, gül desseleri gowşurdyldy.

2 ýyl ozal
Täze eýýamyň keşbi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri şanly wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän täze gurluşyk desgalarynyň, şäherçeleriň hatary gözümiziň alnynda  artyp barýar. Ahal welaýatynyň çäginde häzirki zaman «Akylly şäher» ýörelgesine eýerilp bina edilen Arkadag şäheri dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Şäheriň  köçeleri we şaýollary häzirki zaman ösen bezeg we yşyklandyryş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

2 ýyl ozal
Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär

2015-nji ýylda badalga alan TOPH taslamasy häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen wekiliýetiniň Päkistanda saparda bolýan günlerinde, has takygy, 15-16-njy maýda Yslamabatda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasy barada gepleşikler geçiriler.

2 ýyl ozal
Döwrümiziň aýnasy

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagy, hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirmegi esasynda, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillere uly ynam bilen garalýar. Ýaşlar ajaýyp döwrümiziň aýnasydyr. 2023-nji ýylyň şygarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýarn ýaşlar» diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň şaýadydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň zamanabap bilimleri özleşdirmekde, ylmy gözleglere ugrukmakda, sanly ulgamy özleşdirmekde görkezýän netijeleri guwandyryjydyr.

1656631fb32efc.jpeg
1 ýyl ozal
Mugallymçylyk kärine sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller hakyndaky aladalar bilim işgärleri üçin döredilýän mümkinçilikler bilen sazlaşýar. Türkmen ýaşlarynyň sowatlylygyny, edep-terbiýeliligini, hünär başarnyklylygyny, şahsyýet hökmünde kemala gelşini üpjün etmekde bilim-terbiýeçilik işgärleriniň alyp barýan işleri örän uludyr. Şonuň üçin gadym döwürlerde hem nesliň ylym atasyna, halypalaryna aýratyn hormat bilen garalypdyr.

2 ýyl ozal
“TürkmenÄlem52.0E” 8 ýyl älem giňişliginde

Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny belent mertebe bilen ýöredýän hormatly Prezidentimiz aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmeklige uly ähmiýet berýär. Döwlet baştutanymyz ykdysadyýete sanly tehnologiýalary we enjamlary giňden ornaşdyrmak, edara-kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, ilata täze we kämil sanly hyzmatlary hödürlemek, şeýle hem bu ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyklary ýola goýmak meselelerine diýseň uly üns berýär.

16510079586462.jpeg
1 ýyl ozal
TOÝLARY TUTUMLY GELJEGI AÝDYŇ

Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda arzuwlap gelen Garaşsyzlygy bu günki gün türkmen halkyna miýesser etdi. 32 ýyl mundan ozal Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäniň syýasy kartasynda orun alan Türkmenistan döwletimiz bu gün Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli hem-de parasatly ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak, arkala­şykly hereket etmek ýaly syýasatlaryny alyp barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.