Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
BAGTLY ÇAGALYK
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ähli arzuwlary hasyl bolýan eziz Diýarymyzda bagtyýar çagalaryň göwnejaý dynç almagy, boş wagtlaryny gyzykly we sapaly geçirmegi, saglyklaryny berkitmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Tomusky dynç alyş möwsümi mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bagtyýar körpelerimiz her bir günlerini şadyýanlykda geçirýärler.
Sanly ulgama geçmek — ykdysady ösüşiň möhüm şerti
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» baş ugry hem-de ösen ýurtlaryň derejesine çykmagyň, bilimlere, innowasiýalara daýanýan ykdysady ösüşiň durnukly depginini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Aziýanyň merjen şäheri
Uly ösüşleri, özgerişleri başdan geçirýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň paýtagty hem barha gözelleşýär, gül açýar. «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň eýesi bolan milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň şäher gurluşygyny dünýä ülňülerine laýyk derejede ösdürmekde, paýtagtymyzy mundan beýläk hem belent sepgitlere ýetirmekde alyp barýan döwlet syýasatynyň netijeleri görenleri haýran edýär.
25-nji maý – Aşgabat şäheriniň güni
Ak şäherimiz Aşgabadyň gününi bellemek türkmen halkymyzyň adatyna öwrüldi. Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilip geçilýär.
ÝAŞLAR WATANÇYLYK RUHUNDA TERBIÝELENÝÄR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” kabul edildi.
Täzeçil tehnologiýalar bilen döwrebap ösüş
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen birlikde, döwrebap bilim edaralary hem gurulýar.
MILLI YKDYSADYÝETIŇ PUDAKLARY ÖSÜŞ ÝOLUNDA
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça beýik işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň nebit-gaz senagaty, energetika, ýeňil senagaty pudaklaryndaky gazanylýan üstünlikler hem guwandyryjy netijelere eýe bolýar.
KÖRPEJELER MILLI RUHDA TERBIÝELENÝÄR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan özgertmeler, kabul edilýän döwlet bilim resminamalary türkmen halkyny uly ösüşlere atarýar. Halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady häzirki zaman tehniki serişdeleri arkaly pugtalandyrylýar.
DIL BILMEK – DÜNÝÄ GÖZ ÝETIRMEK
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyş döwründe Arkadagly Gahryman Serdary bilen öňe sary ädimläp, döwletli döwrany gurýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurduň ýaş nesliniň daşary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr. Şonuň üçin hem milli Liderimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär.
Merjen şäherim, Aşgabadym!
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» şygary astynda geçýän 2025-nji ýylyň her bir güni uly üstünliklere, toý baýramlara beslenip gelýär. 25-nji maýda Watanymyzyň mermerli paýtagty Aşgabadyň günini giňden baýram etmäge taýýarlyk görülýär. Aşgabat – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagt şäheri, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezidir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.