Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
161d7ec49c7cc1.jpeg
5 aý ozal
MILLI SUNGATYMYZ ÝUNESKO-nyň SANAWYNDA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent maksatly tutumlar barha rowaçlanýar. Döwletimizde medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, kämilleşdirip, ösdürip, geljekki nesillere ýetirmäge uly üns berilýär. Türkmen halylarynyň şan-şöhraty älem-jahana ýaýylýar. Asyrlaryň dowamynda halkymyz haly we haly önümlerini dokamagyň inçe syrlaryny, olaryň özboluşly tilsimlerini örän aýawly saklap, biziň häzirki günlerimize ýetirdi.

165d850d022753.jpeg
5 aý ozal
Türkmen zenanlarynyň mertebesi

Ata Watanymyzda mähriban halkymyz bu gün Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda abadançylygyň hözirini görüp, asuda ýaşaýar, döredijilikli işleýär, ynamly gurýar. Syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, ylymda, bilimde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler has-da guwandyryjydyr.

1682da6bc95b64.jpeg
5 aý ozal
JEMGYÝETÇILIK GURAMALARY: MILLI-RUHY ESASLY BINÝAT

Adam hukuklary barada dürli garaýyşlaryň bar. Çünki adam hukugy düşünjesi köplenç halatda şertli ýagdaýda teswirlenilip, onuň anyk mazmuny milli paýhasyň we tejribäniň gazananlarynyň esasynda kesgitlenilýär. Hut şonuň üçinem şu ýerde türkmençilik atly ýörelgäniň orny barada bellemegi dogry hasap edýäris. Türkmenistanyň iri jemgyýetçilik guramalary öz alyp barýan wagyz-nesihat çärelerinde ýurduň durmuşynda raýatlaryň ornunyň pugtalanmagyna ýardam etmäge çalyşýar.

1664f905e81827.jpeg
5 aý ozal
AK ŞÄHERIM AŞGABAT

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysadyýetde, syýasatda, saglykda, sportda, ylym-bilimde, gurluşyk pudagynda, umuman, durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler gazanylyp, şöhratly taryhymyzyň altyn sahypalary ýazylýar. Bu ugurda paýtagtymyz Aşgabatda we beýleki sebitlerde gurulýan beýik-beýik binalar, depesi göge ýetýän minaralar pederlerimiziň binagärlik senediniň köküniň gaty alyslara uzaýandygyndan habar berýär.

1682d7720aa2a9.jpeg
1 aý ozal
Ykdysadyýetiň innowasion ösüşi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmak işi ykdysadyýetde innowasion işi çaltlandyrmak, internetden peýdalanmak we maglumat tehnologiýalar ulgamyny ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylýar. Muňa esas bolup, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklamak hakynda kabul eden Karary hyzmat edýär.

15f36b7b8c7fb9.jpeg
5 aý ozal
SANLY YKDYSADYÝET — DÖWLETIMIZIŇ DURNUKLY ÖSÜŞINIŇ MÖHÜM UGRY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Bu resminama pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly serişdesi bolup durýar.

167f74f5e6c09e.jpeg
1 hepde ozal
MILLI KANUNÇYLYGYŇ KÄMILLIGI – ÝURDUŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ KEPILI

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir” diýip, halkymyzyň parahat, asuda, bolelin durmuşyny goramagy ýurdumyzyň syýasatynyň esasy maksady hökmünde kesgitledi.

1680c63fb017bf.jpeg
5 aý ozal
DÜNÝÄDE BELENT YKRARNAMA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly içeri we daşary syýasaty dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, abadançylygy, hoşniýetli goňşuçylygy ýörelge edinýän Türkmenistan barha belent sepgitlere eýe bolýar. Bu günki gün ýurdumyzyň abraý-mertebesi belende göterilýär.

1680cad8acc9f3.jpeg
1 hepde ozal
NESIL TERBIÝESINDE MILLI TÜRKMENÇILIK MEKDEBI

Halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň derejede ösýän edep-terbiýe kämilleşýär, arkama-arka dowam edýän ýörelgelere öwrülýär. Ýaş neslini eý gören ata-babalarymyz nesillere asylly däpleri, halallyk ýoluny hem-de edep-terbiýäni miras galdyrypdyr. Asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.

1682c1257f0a34.jpeg
5 aý ozal
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.