Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
16557d16e03baa.jpeg
1 ýyl ozal
TÜRKMENIŇ NUSGAWY ŞAHYRY

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini bellemäge taýýarlygyň çäklerinde türkmen alymlary onuň durmuşy we döredijilik mirasy barada täze golýazmalary işjeň gözleýärler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň işgärleri daşary ýurtlarda ylmy-döredijilikli saparlarynda bolup, şol ýerlerdäki ylmy merkezleriň kitaphanalarynda saklanýan türkmen halkynyň edebi hem-de taryhy çeşmeleri bilen tanyşdylar.

16557d23f49506.jpeg
1 ýyl ozal
ŞATLYKLY HABAR

Ýaňy ýakynda  Bütindünýä şäherler gününde ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azuleniň çözgüdine görä Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça resmi taýdan goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

1657223ee66991.jpeg
1 ýyl ozal
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN

Köňülleriň penasyna, dillerimiziň senasyna öwrülen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygy golaýladygyça, döredijilik işgärleriniň ýakymly aladalary barha artýar. Bu şanly senäni mynasyp sowgatlar bilen garşylamak – ähli watandaşlarymyz üçin uly bagt, belent mertebe.

16572230af24df.jpeg
1 ýyl ozal
MAGTYMGULY SÖZLE HER NE BILENIŇ, SENDEN SOŇKYLARA ÝADYGÄR BOLAR

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň işgärleri Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde bolup, ýurduň golýazma hazynalarynda we kitaphanalarynda ylmy-gözleg işlerini geçirdiler.

1657222687556c.jpeg
1 ýyl ozal
DÖWLETARA GATNAŞYK

Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürler maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

16572037c7ea7a.jpeg
1 ýyl ozal
TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTY «UI GREENMETRIC WORLD UNIVERSITY RANKING» HALKARA REÝTINGINDE HASABA ALYNDY

Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga, milletiň aň-bilim mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, bilimiň hilini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen möhüm wezipeleriň jähedinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe möhüm wezipeleri kesgitledi. Bu öňde goýlan wezipeleriň biri hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizmekden ybaratdyr.

165a2390631388.jpeg
1 ýyl ozal
«KiberOne» Halkara programmirleme mekdebi we «AMAKids» akademiýasy okuwa kabul edişlik geçirýär

«KiberOne» Halkara programmirleme mekdebi we «AMAKids» çagalaryň zehinini ösdürmek akademiýasy çagalary we ululary möhüm ugurlar boýunça bilim almaga çagyrýar.

165c5352a657df.jpeg
1 ýyl ozal
Bilimli ýaşlar — ösüşiň miremez binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan durmuş ugurly syýasatyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etmegi netijesinde durmuşa geçirilýän ykbal özgerdiji üstünlikler türkmen halkynyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere barylýan häzirki döwürde ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen birlikde ylym-bilimi ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär.

165af6fb7db7a6.jpeg
1 ýyl ozal
AÝDYŇ ÝOLLARYŇ BEÝIK GELJEGI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, ene dilimiziň baýlyklaryny ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeler hökmünde dowam etdirilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hem ata-babalarymyzdan gelýän şeýle asylly ýörelgelerden ugur alyp, ýaş nesillerimize döwrebap bilimi öwredýäris hem-de olary milli ruhda terbiýeleýäris.

1652c461c29104.jpeg
1 ýyl ozal
BILIM ULGAMYNDAKY ÖZGERTMELER

Türkmenistanda döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurulýar hem-de hereket edýär. Bilim edaralaryny zerur okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün etmek, täze tehnologiýalary we halkara ölçeglere gabat gelýän öň­debaryjy okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.