Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Terbiýeçilik ähmiýetli eser
Hormatly Prezidentimiziň dürli ugurlarda ýazýan eserleri ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli adamlaryň uly höwes bilen okaýan ýan kitabyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň eserleriniň her bir çuňňur many-mazmuna ýugrulyp, terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uly. Şeýle terbiýeçilik ähmiýetli eserleriniň biri "Ena-tagzym mukaddeslige tagzym" eseri.
Telefon ulgamy - tehnologiýanyň agirt üstünliginiň başlangyjydyr
Häzirki tehnologiýa innowasiýasynyň döwründe dünýäniň başga bir ujy bilen söhbetdeşlik guramak adaty ýagdaý hökmünde kabul edilýär. Emma tehnologiýa açyşlaryna çenli taryhymyza ser salsak, adamlar asyrlaryň dowamynda birek-birek bilen arabaglanyşyk guramagy çaparlaryň kömegi bilen, oduň tüssesi arkaly, daşaýjy kepderiler, deprekler ýaly usullar bilen ýerine ýetiripdirler.
GADYMY ÝOLLARDA DÖRÄN ESERLER
Dürli döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň geçen mekanyna gelip, onuň taryhy geçmişi hakynda dürli eserler döreden ýazyjylar bir ýa-da iki däl, onlarça. Şeýle ýazyjylaryň biri meşhur ýazyjy Wasiliý Grigorýewiç Ýançeweskidir. Ýazyjynyň halka miras goýan eserleri bilen tanşanyňda, olarda gyzgyn Garagumyň aňňat-aňňat gum depeleriniň suw kimin akyşyny-da, gojaman Bahry-Hazaryň tolkunlarynyň möwjüni-de görmek bolýar.

Saglyk - baş baýlyk
Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygy baradaky aladasy, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu ugurda ýurdumyzda gysga wagtyň içinde asyrlara barabar işler amal edildi, saglygy goraýyş ulgamy dürli özgertmeler ýoly bilen barha kämilleşdirildi. Tomus paslynda daşky gurşawyň dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän tozan bölejiklerinden goranmakda agyz-burun örtükleri uly ähmiýete eýedir.

INNOWASION TEHNOLOGIÝALAR — ÖSÜŞIŇ TÄZE DEREJESI
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda intellektual tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek, halk hojalygynyň ähli pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny gazanmak hem-de bu ugurlarda halkara derejesinde hyzmatdaşlygy ýola goýmak möhüm wezipeleriň biri hökmünde ileri tutulýar. Sanly ulgama geçmekde «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» örän uly ähmiýete eýedir.

SYÝASY GATNAŞYKLARYŇ BERK BINÝADY
Bu günki gün Türkmenistan dünýädäki ähli halklaryň, bütin ynsanyýetiň guwanjyna öwrüldi, onuň abraý-mertebesi dünýä doldy. Bu zatlaryň ählisi mähriban Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň bütin dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny döwrebap ýola goýmaga hem-de ösdürmäge saldamly goşant goşýandygyna şaýatlyk edýär.

HEMIŞELIK BITARAPLYK – ÖSÜŞIŇ GIREWI
Hemişelik Bitaraplyk eziz mekanymyza dünýäde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmaga mümkinçilik berdi. Bu hukuk ýagdaýy häzirki wagtda dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda özara gatnaşyklary ýola goýmakda ähmiýetli orna eýedir. Häzir Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň 150-ä golaý döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.

Bitaraplyk — ösüşleriň binýady
Binýady berkden tutulan döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygy esasynda ýurdumyz daşary syýasatda hem uly rowaçlyklar gazanyp, beýik menzillere ýetýär. Bu ajaýyp üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlarda giň gerime eýe bolýan halkara gatnaşyklarynda aýdyň ýüze çykýar.

BITARAPLYK ÝOLY — PARAHATÇYLYK ÝOLY
Üstümizdäki «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagyna 29 ýyl dolýar. Taryh üçin gysga döwrüň içinde ýurdumyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä ýüzünde agzybirligi pugtalandyrmaga, parahatçylygy berkitmäge, ynanyşmagy ösdürmäge ýokary derejede goşant goşýandygyny görkezýän giň gerimli işleri durmuşa geçirdi.

BITARAPLYK TAGLYMATY— ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY
Parahatçylyk ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, agzybirlige sarpa goýmak, birek-birege ýardam bermek biziň milli ýörelgelerimizden gözbaş alýar. Şu ýol-ýörelge bilen nesil terbiýeleýän halkymyz bu gün hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň nurana şuglasyny dünýä ýüzüne ýaýýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.