Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
1637c689bba0d2.jpeg
2 ýyl ozal
TÜRKMEN–ARAP DOSTLUGY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyz sebitiň döwletleri bilen ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalaryň çäklerinde-de anyk maksatlara gönükdirilen işleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasaty netijesinde BAE bilen dostluk gatnaşyklary ösdürilýär. Muňa Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 21-22-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň dostlukly Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran üstünlikli döwlet sapary şaýatlyk edýär.

163732a7da0dc4.jpeg
2 ýyl ozal
TÜRKMEN–ÖZBEK DOSTLUGY BARHA ROWAÇLANÝAR

Çeşmäniň gudratynyň durulygynda, derýanyň kuwwatynyň joşgunynda, deňziň güýjüniň çuňlugynda bolşy ýaly, dostlukly, goňşy Özbegistan bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygynyň berkligi-de olaryň halklarynyň taryhy ýakynlygyndadyr, ruhy-ahlak ýörelgelerindedir, mizemez dost-doganlygyndadyr. Kuwwatly kökler, umumy gymmatlyklar özara bähbitli maksatlaryň hatyrasyna birleşmek, geljek hakyndaky aladalarda üstünlikli netijä gelmek üçin zerur bolan şertleri döredýär.

1637db436d6635.jpeg
3 ýyl ozal
GOWAÇANYŇ SORT TOPLUMY YLMY TEJRIBEDE SYNAG EDILÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli taýsyz tagallalary bilen oba hojalyk pudagy uly ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. "Halkyň Arkadagly zamanasy" ýylynda Beýik tutumlaryň amal edilmegi üçin halk hojalygynyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda oba hojalygynda senagatyň we ilatymyzyň sarp edýän ýokary hilli önümleriniň bol hasylyny öndürmek ugrunda gaýratly zähmet çekilýär.

2 ýyl ozal
BAGLAR — ZEMINIŇ GÖRKI

​​​​​​​Ynsan saglygy dem alýan howasy bilen aýrylmaz baglydyr. Adamlaryň gan basyşy, ýürek urşy howanyň üýtgemegi esasynda ýokarlanýar ýa-da pese gaçýar. Hut şu nukdaýnazardan hem biziň sagdyn ýaşamagymyz üçin daşky gurşawyň arassalygy möhümdir, ekologiýanyň goraglylygyny üpjün etmek hökmanydyr. Ýurdumyzda bu babatda ähli şertler döredilendir. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky alyp barýan ynsanperwer syýasaty hem munuň aýdyň mysalydyr.

1678e9b6c3b5b6.jpeg
1 hepde ozal
DÖWREBAP BILIM – ÝAGTY GELJEGE BADALGA

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanyp, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýy has-da belende galýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär.

1690244feb8d7b.jpeg
1 hepde ozal
MILLI ÝÖRELGELERE DAÝANÝAN TÄZE KONSEPSIÝA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň durnukly ösüşinde oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda bu ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny netijeli ulanmak, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

1636a61f647acc.jpeg
2 ýyl ozal
ŞA SERPAÝLY ABATLAÝJY

Zähmetiň gaýnap joşýan ýerine – ýolagçy we ýük ulaglarynyň bejerilip, halkyň hyzmatyna ugradylýan ýerine baranyňda, halal zähmetiň berýän miwesine guwanjyň artýar, tämiz kalply adamlaryň yhlasly zähmetine başyňy egýärsiň. Polatdyr demiriň diline düşünip, alyn derleri bilen gara demire jan berýän adamlaryň ýüzüne keremli türkmen güneşiniň reňki siňenligindendir-dä, olar gözüňe diýseň nurana görünýär.

1690245b152fb4.jpeg
1 hepde ozal
MILLILIGE ÝUGRULAN TERBIÝEÇILIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtly geljegini gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlaryny ylym-bilimden ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän kämil hünärmenler edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda başyny başlan özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär.

3 ýyl ozal
Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyklary

Döwletimiz parahatçylykly gatnaşyklary nazarlaýan hyzmatdaşlyklar üçin gapylaryny giňden açýar. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan tebigy baýlyklaryny dünýäniň, sebitiň ýurtlarynyň, halklarynyň abadançylygy üçin giňden peýdalanmak başlangyjy bilen çykyş edýär. Ýurdumyzdan gazylyp alynýan uglewodorod serişdeleri, öndürilýän elektrik energiýasy diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä ýurtlaryna iberilýär.

3 ýyl ozal
Ajaýyp türkmen kepderileri

Adamzadyň aňynyň, akyl-paýhasynyň ösüşiniň dowamynda döreden maddy hem ruhy gymmatlyklary örän kän. Türkmen halky hem uzak taryhy döwrüň dowamynda ajaýyp maddy we ruhy gymmatlyklary döredip, dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan halklardandyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.