Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Täze şäheriň gözellik keşbi
Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygy Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň gös-göni gözegçiliginde, ýokary depginlerde alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan ― Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde bu ýerlerden gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm şahasynyň geçenligi nygtalýar. Bu taryhy ýoluň häzirki zaman talaplary esasynda gatýtadan dikledilýän döwründe täze şäheriň gurluşygy aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.
YKDYSADY ÖZGERTMELER
Ýurdumyzda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy içerki sarp edijilere ýerlenýän tebigy gaz üçin hasaplaşyklary sanly ulgam arkaly nagt däl görnüşinde geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de ammarlarda haryt dolanyşygyny sanly ulgam arkaly amala aşyrmaga, gaz känleri we gaz gorlary barada maglumatlary sanly ulgam arkaly dolandyrmaga giň şertler emele gelýär.
«Hakyda göwheri» — millilige ýugrulan gollanma
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň zähmet rugsadynda döredijilik işleri bilen meşgullanyp, «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň sowgat berilmegi ulus-ilimizde şatlyk we begenç duýgusyny döretdi.
GURLUŞYK ULGAMYNDAKY ÖSÜŞLERIMIZ
Halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlarynda peýdalanýan binalardyr desgalary, ýollardyr ulaglary — bularyň ählisi gurluşyk ulgamynyň işini emele getirýär. Şu günki ajaýyp döwrümize çenli ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, täze demir we awtomobil ýollary, köprüler, elektrik stansiýalarydyr beketleri, suw süýjediji desgalar, däne saklaýjy we gaýtadan işleýji elewatorlar, ýaşaýyş-durmuş, medeni maksatly, binalardyr desgalar, önümçilik kärhanalary gurlup ulanylmaga berildi.
«Hakyda göwheri» — ýaşlaryň kämil mekdebi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren birnäçe ajaýyp eserleri, bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup durýar. Bu ajaýyp eserleriň her gatynda biziň geçmişimiz, şu günümiz aýdyň geljegimiz şugla saçýar. Şeýle ajaýyp eserleriň üsti bilen ýaşlarda Watana bolan söýgini, ata-enä bolan sylag-hormaty, maşgala wepadarlygy terbiýelenýär.
Bitaraplygymyza buýsanýarys
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen dünýäde ilkinji hem-de ýeke-täk Bitarap döwletdir. Halkymyz döwletimiziň ýeten bu abraýly halkara derejesini gözüniň göreji deý ezizleýär. Döwletimiziň halkara abraýyny mundan beýläk-de berkitmek üçin Arkadagly Serdarymyzyň daşyna jebis bolup, ajaýyp ýyllarymyzy yhlasly halal zähmet üstünliklerine besleýär.
«Hakyda göwheri» - geçmişden geljege ruhy köpri
Gahryman Arkadagymyzyň maddy we ruhy medeni mirasymyzyň, ynsanperwer hem döwletlilik gymmatlyklarymyzyň belent sarpasyna we giň mazmunly edebi-çeper beýanyna öwrülen «Hakyda göwheri» atly täze kitaby türkmen we iňlis dillerinde neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu kitap diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent buýsanjynyň çeper beýany bolup durýar.
«Akylly şäher» — ýaşaýyş oňaýlyklary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň, türkmen halkymyzyň ykbalynda häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş, zähmet we dynç alyş oňaýlyklarynyň jemlenen şäherlerini peşgeş berýär. Paýtagtymyzda we beýleki şäherlerimizde döredilýän ýaşaýyş jaý toplumlary bilen birlikde Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde bina edilýän şäherde tutuşlygyna häzirki zaman «Akylly şäher» konsepsiýasyndan ugur alnan dürli oňaýlyklaryň döredilmegi buýsandyryjydyr.
DÖWREBAP BILIM – RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Sebäbi, şu günki ýaş neslimiz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar. Çünki ylymly-bilimli ýaşlar biziň ertirimizdir.
Söz ussadynyň pähim-paýhasly döredijiligine belent sarpa
Mälim bolşy ýaly, ýakynda biziň ählimiz üçin şatlykly, buýsandyryjy wakalaryň biriniň bolandygyny belläsimiz gelýär. Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy örän buýsandyryjydyr. Bu ajaýyp eserde akyldar şahyryň döredijiligi, milli edebiýatyň baý hazynasy hakynda aýdyň beýan edilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.