Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
FIZIKA DERSINI OKUWÇYLARA ÖWRETMEGIŇ USULLARY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi üçin has oňaýly şertleri döretmäge, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine ýaşlaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga gönükdirilendir.
TÄZE EÝÝAMYŇ RÖWŞEN GELJEGINIŇ ÝALKYMY
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly taryhy wakalar bilen gurşaldy. “Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr” diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda - gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda iňňän uly işler alnyp barylýar. Bu aýdylanlara Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi aýdyň subutnama bolup durýar.
BERKARAR DÖWLETIMIZŇ TÄZE ÝYL ARÇALARY NUR SAÇÝAR
Ýene sanlyja günlerden halkymyzyň durmuşynda uly öňegidişliklere beslenen 2022-nji ýyl tamamlanar. Bu ýyl şatlykly hem buýsançly wakalara baý ýyl hökmünde taryha girer. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu ajaýyp baýramçylyga uly-kiçi sabyrsyzlyk bilen garaşyp, uly taýýarlyk görýärler.
Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlyk
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň täze hil derejesi ýurdumyzyň yzygiderli ösüşini, şol sanda onuň halkara derejesindäki artýan işjeňligini baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köp babatda çalt depginler bilen özgerýän, dünýäniň çagyryşlaryna mynasyp jogap bolup durýan anyk ädimler arkaly utgaşdyrylýandygy bilen şertlendirilýär.
Parahatçylygyň hem ösüşiň beýik baýramy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününi bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň ýakymy bilen garşylaýan türkmen halky hemişelik Bitaraplyk syýasaty esasynda ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ajaýyp ýörelgelerini dünýä ýaýýar. Bu ýörelgeler syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň çäklerinde has-da giňden ýaýbaňlanýar.
ŞANLY TOÝUŇ JOŞGUNLY ÝALKYMY
Hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň birnäçesiniň agzasy bolmak bilen, olaryň çäklerinde degişli halkara işlerini amala aşyrýar. Türkmenistan Watanymyzyň 27 ýylyň içinde öňe süren dünýä ähmiýetli birnäçe möhüm başlangyçlarynyň halkara bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylmagy-da halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk we hoşniýetlilik ýörelgelerine elmydama ygrarlydygyny görkezýär.
Ak ýollar dowamat dowam bolsun!
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji dekabrda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkezi bolan Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy.
Sanly ykdysadyýet döwrüň möhüm wezipesidir
Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Olaryň arasynda ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler aýratyn orun eýeleýär.
HEMIŞELIK BITARAPLYGYŇ BELENT MERTEBESI
BMG-niň derejesine üýtgewsiz ygrarly döwletimiz bu gün hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda milli we umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny alyp barýar. Geçen döwürde parahatçylyk söýüjilik we hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli alyp barýan Türkmenistan bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolup galýar.
TÜRKMEN–ARAP DOSTLUGY
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyz sebitiň döwletleri bilen ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalaryň çäklerinde-de anyk maksatlara gönükdirilen işleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasaty netijesinde BAE bilen dostluk gatnaşyklary ösdürilýär. Muňa Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 21-22-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň dostlukly Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran üstünlikli döwlet sapary şaýatlyk edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.