Habarlar
Habarlar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl: ulag we aragatnaşyk pudagy
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleriň, şol sanda ulag-aragatnaşyk pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça milli maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezdi.
“Hazar deňzi – Gara deňiz” taslamasy boýunça duşuşyk geçirildi
10-njy fewralda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi.
Türkmenistan bilen Eýran serhetýaka awtomobil ýolunyň taslamalasyny maslahatlaşdylar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Onuň barşynda Eýranyň serhedinden Gumdag şäherine uzaýan awtomobil ýolunyň taslamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady
Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda şanly senedir. BMG-niň degişli Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanan bu hukuk derejesi sebit we dünýä derejesinde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi.
Halkara howpsuz Internet güni bellenildi
11-nji fewralda Halkara howpsuz Internet güni bellenildi. Ol 2004-nji ýylda Ýewropa komissiýasynyň başlangyjy bilen döredildi.
Konstitusiýa - döwletimiziň hukuk binýady
Güneşli Diýarymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi baýram hökmünde belläp geçmek däbe öwrüldi. Bu beýik sene her ýylyň 18-nji maýynda bagtyýar zamanamyzyň döredijikli ösüşlerini, döwletimiziň halkara abraýyny, Watanymyzyň barha ilerleýän ädimlerini şertlendirip, ýurdumyzyň her bir künjeginde uly joşgun, belent buýsanç bilen bellenilip geçilýär.
Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy Türkmenistanyň ähli ýerine ýük daşamak hyzmatlaryny hödürleýär
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň düzümine girýän Aşgabadyň awtoulag kärhanasy Türkmenistanyň tutuş çägi boýunça ýük daşamak üçin ulanylýan ulag serişdeleriniň sanawyny hödürleýär.
Balkan welaýatynda 2025-nji ýylda täze Halkara howa menzili toplumy ulanyşa berler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda ýurduň Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menzili toplumyny işe girizmegiň meýilleşdirilýändigini mälim etdi. Döwlet Baştutany bu barada 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin Hökümet mejlisinde aýtdy.
Eýran serhedinden Türkmenistanyň Gumdag şäherine çenli awtomobil ýoly çekiler
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli Türkiýede ylmy maslahat geçirildi
Golaýda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy bilen Kyrşehir şäheriniň Ahi Ewran uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy maslahat geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.