Habarlar
Habarlar
16798a4928f36e.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Ýaponiýa ulag we energetika ulgamyndaky gatnaşyklaryny pugtalandyrar

2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Tokio şäherinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onda türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ýapon tarapyna bolsa Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça ýörite wekili Işikawa Masaki başlyklyk etdi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

1679afcd254ba9.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

29-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

16798aa7222fb2.jpeg
1 ýyl ozal
Hytaýyň “DeepSeek” emeli intellekt modeli täzelik döretdi

Hytaýyň öňdebaryjy emeli intellekt kompaniýasy “DeepSeek”, R1 atly täze emeli intellekt modelini tanyşdyrdy. Bu model, dünýäde giňden ulanylýan “OpenAI”-nyň “ChatGPT” modeline meňzeş ukyplara eýe bolup, has arzan bahadan hyzmat edýär. “DeepSeek”-iň bu täze modeli emeli intellekt ulgamynda ýene bir uly ädim hökmünde kesgitlenýär.

16798a8b76e12c.jpeg
1 ýyl ozal
Natilus garyşyk ganatly uçary Boeing we Airbus-a garşy çykmana taýýar

Kaliforniýadaky Natilus atly aerokosmos başlangyjy Airbus we Boeing ýaly güýçli bäsdeşlerine garşy durup, Horizon atly garyşyk ganatly ýolagçy uçarynyň taslamasyny hödürledi. Ony täze diýip atlandyrmak ulaldylan bolar, sebäbi bu pikir geçen asyryň 20-nji ýyllaryndan bäri bardy we 70-nji ýyllarda ABŞ-nyň Harby howa güýçleriniň B-1 Lancer atly strategik bomba atyjy uçarynda bölekleýin ulanylypdy.

16798a27e963b7.jpeg
1 ýyl ozal
Geçen ýyl Türkmenistanyň we Hytaýyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $10,6 milliard boldy

2024-nji ýylda Türkmenistanyň bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 10,6 milliard ABŞ dollaryna deň boldy.

1679722222d2b8.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli maslahat geçirildi

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde geçirilen maslahata agentligiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri hem-de Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

167971cdf19555.jpeg
1 ýyl ozal
“Türkmenpoçta” “International Postal System” halkara sanly ulgamyna birikdiriler

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew aragatnaşyk pudagyna ýöriteleşen halkara guramalar bilen sanly ulgamlary ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

167971a6d2521b.jpeg
1 ýyl ozal
Aşgabatda dolandyryş we IT-ulgamlarynda tejribe ýarmarkasy geçiriler

Şu gün “Arkaç” Söwda merkeziniň “Iş Nokady” maslahatlar zalynda tejribe ýarmarkasy geçirilip, onda kompaniýalar öz maksatnamalaryny hödürläp hem-de talyplaryň we uçurymlaryň arasynda ökde hünärmenleri tapyp bilerler.

1679719197b31d.jpeg
1 ýyl ozal
Gyrgyzystan-Ýewropa ulag geçelgesi Türkmenbaşy portunyň üstünden geçer

Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz porty häzirki wagtda doly güýjünde işleýän Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Ýewropa Bileleşigi ulag geçelgesiniň möhüm bölegini emele getirýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berýär.

16797181f63451.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen kärhanalary Moskwada geçiriljek “RosBuild 2025” sergisine çagyryldy

Türkmen kompaniýalary Moskwa şäherinde 11–14-nji mart aralygynda geçiriljek “RosBuild 2025” atly gurluşyk pudagynyň sergisine gatnaşarlar. Ol türkmen işewürlerine öz önümleri bilen tanyşdyrmaga we Russiýanyň gurluşyk düzümleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilikleri döreder. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.