Habarlar
Habarlar
Gümrük gullugynyň düzümlerine täze gulluk awtoulaglary berildi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki hem-de welaýatlardaky gümrükhanalaryna 20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň adyndan täze gulluk awtoulaglarynyň açarlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda Altyn baýraga mynasyp boldy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynda saparda bolýan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzda sirk sungatyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ajaýyp netijesidir.
BAE ykjam Internetiň tizligi boýunça öňdebaryjy ýurt boldy
Birleşen Arap Emirlikleri 2024-nji ýylyň dekabr aýy boýunça ykjam Internet tizligi boýunça öňdebaryjy ýurt bolup, onuň ortaça tizligi 453,87 Mbit/s deň boldy. Bu dünýäniň dürli ýurtlarynda ykjam we hasaba alynan giň zolaklaýyn Internetiň tizliklerini deňeşdirýän Speedtest Global Index sanawyndan gelip çykýar.
Aragatnaşyk pudagynyň ýaşlary ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmegi we kämilleşdirmegi özlerine baş maksat edinýärler
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» «Türkmenaragatnaşyk» agentligi sanly hyzmatlaryň täzeçilliklerini artdyrmak boýunça aýdyň maksatlary öňünde goýýar.
Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň Gözegçilik-seljeriş merkezi açyldy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda täze döredilen Gözegçilik-seljeriş merkeziniň açylyş dabarasy hem-de Hormatly Prezidentimiziň adyndan Aşgabat we Arkadag şäheriniň hem-de welaýatlaryň gümrükhanalaryna ýeňil awtoulaglaryň sowgat berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek ugrunda halkara forumy geçiriler
Astrahan sebitinde Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek taslamasynyň çäginde 2025-nji ýylda giň gerimli halkara işewürlik forumy geçiriler. Bu waka portlaryň ýörite ykdysady zolagy esasynda peýdalanylmagyny meýilleşdirilýän rus-türkmen bilelikdäki taslamany ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy meýdança bolar diýip, «А24» neşiri ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
27-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
«ÇaparPay» ykjam programmasyna poçta ýollamalaryny yzarlamak hyzmaty girizildi
«ÇaparPay» poçta ýollamalaryny yzarlamak üçin täze bölüm girizmek bilen, ykjam programmasynyň mümkinçiliklerini giňeltdi. Ulanyjylar indi programmada bukjalarynyň, hatlarynyň we beýleki ýollamalarynyň ýagdaýyny aňsatlyk bilen barlap bilerler.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.