Habarlar
Habarlar
BELENT ÖSÜŞLERIŇ AÝDYŇ BEÝANY
Häzirki ajaýyp döwrümiz şanly wakalara beslenýär, her bir günümiz belent üstünlikler bilen şöhratlanýar. Şu ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy ähli ildeşlerimizde buýsanç döredip, täze üstünlikleriň dünýä ýaýyljakdygyny äşgär edýär. Şu ýylymyz taryhy wakalara, ösüşlere baý ýyl bolar, çünki mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna sowgatly barmak halkymyzyň asylly däbinden alamatdyr.
Il saglygy – ýurt baylygy
Saglygy goramak, bedenterbiýe we sport Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň durmuşynyň möhüm ulgamlary bolup durýar. Raýatlarymyzyň sagdyn bolmagy Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, adamlaryň bagtyýar we abadan durmuşynyň möhüm şertidir. Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenip geçilýär.
Ynsanyň saglygy – döwletiň gymmatlygy
Hormatly Prezidentimiziň aýratyn aladalary netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap alýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürüp, röwşen ertirimiz üçin irginsiz zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirlen toplumlaýyn çäreler yzygiderli alnyp barylýar.
SAGDYNLYK ÝÖRELGESI – BAGTYÝAR DURMUŞ
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli zamananyň abadan günleriniň kerwenini çekip barýan Ata Watanymyzda halkymyzyň durmuşyna sagdyn durmuş ýörelgesini çuňňur ornaşmagyň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu işde mertebesi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek işleri ösüşiň täze basgançaklaryna çykyp, türkmen sporty dünýäde uly üstünlikler gazanýar.
Sagdyn bedende sagdyn ruh
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan döwletimizda halkymyzyň saglygy goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär.
Saglyk — ýaşaýşyň gözbaşy
Berkarar döwletimizde ilatyň ýaşaýyş durmuş derejesini gowulandyrmak, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky döwlet syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär. Raýatlara dürli kesellere garşy döwlet tarapyndan tölegsiz berilýän derman serişdeleriň ýokary hilli bolmagy hem-de öz wagtynda üpjün edilmegi berk gözegçilikde saklanýar.
Şypahana hyzmatlarynyň guwandyryjy sepgitleri
Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzda bellenilişi ýaly, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baş wezipedir. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýurdumyzda bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Il saglygy — ýurt baýlygy
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalardyr taslamalar yzygiderli amala aşyrylyp, degişli düzümiň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Diýarymyzyň çar künjeginde ýokary halkara ölçegleriň ähli talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş, bejeriş-şypahana, sport düzümleriniň desgalary guruldy we gurluşyklary dowam edýär.
BEDEW TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY
Häzirki ajaýyp döwrümize bolan buýsanç her bir ildeşimiziň ýürek töründe orun alandyr. Şeýle buýsançly wakalary has-da çuňňur many-mazmun bilen bezeýän ýyllarymyz beýik ösüşlere beslenip gelýär. Ynha, şu şöhratly ýylymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi halkymyzyň täze üstünliklerini, milli gymmatlygymyz bolan behişdi bedewleriň şöhratyny dünýä ýaýjak ýol-ýörelgedir.
ARASSAÇYLYK ÝÖRELGESI – SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.