Habarlar
Habarlar
Saglyk - baş baýlyk
Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygy baradaky aladasy, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu ugurda ýurdumyzda gysga wagtyň içinde asyrlara barabar işler amal edildi, saglygy goraýyş ulgamy dürli özgertmeler ýoly bilen barha kämilleşdirildi. Tomus paslynda daşky gurşawyň dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän tozan bölejiklerinden goranmakda agyz-burun örtükleri uly ähmiýete eýedir.
«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi halkara bäsleşik yglan edýär
«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi birnäçe lotlar boýunça halkara tender yglan edýär.
1 mln tonnadan gowrak türkmen nebiti Russiýanyň çäginden üstaşyr geçirildi
2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistan Russiýanyň üsti bilen 1 million 50 müň tonna nebiti eksport etdi. Bu barada Russiýanyň ýangyç-energetika toplumynyň Merkezi dispetçer gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Interfaks” agentligi geçen anna güni habar berdi.
Howanyň aşa gyzmagy zerarly Türkmenistanda käbir demir ýol gatnawlary çäklendirildi
«Demirýollary» AGPJ Türkmenistanda howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, ýolagçy demir ýol gatnawlarynyň wagtlaýyn çäklendirilýändigini habar berdi.
TALYPLAR ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGINI GEÇÝÄRLER
Zähmet bazarynda häzirki zaman ylmyndan baş çykarýan başarjaň hünärmenleriň taýýarlanmagy zerur bolup durýar. Geljekki hünärmenleriň zähmet ukybyny häzirki zamanyň talaplaryna gabat getirmek we önümçilik şertlerinde innowasiýalar bilen tanyşdyrmak üçin önümçilik tejribeligini geçmegi örän möhümdir.
Elektron dükany market.turkmenpost.gov.tm halkymyzyň hyzmatynda
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, aragatnaşyk-telekommunikasiýa ulgamynda ösüşler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň işini kämilleşdirmek barada iş maslahaty geçirildi
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
TÜRKMENISTANYŇ ULAG ULGAMY DURNUKLY ÖSÜŞ ÝOLUNDA
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde gazanylýan ösüşli özgerişliklerde ulag ulgamynyň ähmiýeti bimöçberdir.
Авиакомпания из Кувейта откроет прямые рейсы в аэропорт Киев
Авиакомпания Jazeera Airways с 13 июля откроет прямые рейсы из столицы Кувейта Эль-Кувейт в Киев, сообщил заместитель министра иностранных дел Украины Дмитрий Сеник.
Aşgabat şäher telefon ulgamy hyzmatlarynyň gerimini giňeldýär
Täze oýlap tapylmalar, ylmy-tehniki açyşlar netijesinde ilki bada ýönekeý ses ýa-da tekst görnüşinde ýerine ýetirilen aragatnaşyk hyzmatlaryna häzirki wagtda düýpgöter başga, ýokary talaplar we islegler bildirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.