Habarlar
Habarlar
DÖWÜR BILEN AÝAKDAŞ
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli ulgamlar täze ösüşlere eýe bolýar. Şol sanda bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Ulag we kommunikasiýa toplumynda iş maslahaty geçirildi
9-njy martda şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenen, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garalan sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan edilen ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada iş maslahaty geçirildi.
ASTRAHANDA TÜRKMENISTANYŇ LOGISTIKA MERKEZI AÇYLAR
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda Türkmenistanyň logistika merkezi açylar. Bu ugurda käbir meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen-astrahan resmi wekillerinden düzülen onlaýn duşuşygy guramak meýilleşdirilýär.
«Türkmenpoçta» onlaýn söwda hyzmatlaryny hödürleýär
Innowasiýa tehnologiýalarynyň döwrebap ulanylmagy netijesinde Internet hyzmatlary durmuşymyzyň ähli pudagyna berk ornaşdy we bu ugur günsaýyn ylmyň we tehnikanyň özgermegi, täze pikirleriň girizilmegi bilen gerimini artdyrýar.
Internet hyzmatlary üçin täze nyrhnamalar
Sanly ykdysadyýetiň işjeň ösdürilmegi, sanly tehnologiýanyň ýurdumyza ýokary derejede aralaşmagy ähli pudaklaryň işiniň netijeleriniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle-de maglumat tehnologiýalarynyň sanly ulgamyny döwrebap ulanmaklyk dünýäde parahatçylygyň, deňhukukly gatnaşyklaryň we howpsuzlygyň berkidilmeginde wajyp orun eýeleýär.
Aşgabat ― Daşoguz ― Aşgabat aralygyndaky awtobus gatnawynyň tertibi
2021-nji ýylyň 1-nji martyndan Aşgabat ― Daşoguz ― Aşgabat aralygynda ýolagçy awtobuslarynyň gatnawy dikeldildi.
«Türkmenhowaýollarynyň» mart-aprel aýlaryndaky ýük halkara gatnawlarynyň tertibi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara ýük gatnawlarynyň mart we aprel aýlary üçin tertibini habar berdi:
Baku – Tblisi – Kars demirýol ugry boýunça Türkiýeden Hytaýa harytlar iberildi
Azerbeýjanyň demirýollary edarasynyň garamagyndaky «ADY Container» hojalyk jemgyýetiniň habar bermegine görä, Baku – Tblisi – Kars demirýol ugry boýunça Türkiýeden Hytaýa harytlar iberildi. Ýüküň barmaly nokady Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan şäheridir. Demirýol 41 sany 40 futlyk konteýnerlerden ybaratdyr. Türkiýeden iberilen ýük Baku şäherine ýetenden soň Gazagystanyň Aktau portuna eltiler we ondan hem demirýollary boýunça Hytaýa ugradylar.
«Belawia» Aşgabada uçuşlaryň togtadylmagyny ýen bir aý çenli uzaltdy
«Belawia» howa ýollary Minskden Aşgabat şäherine ýolagçy gatnawlarynyň togtadylmagyny 2021-nji ýylyň 5-nji apreline çenli uzaldýandygyny habar berdi.
ÖZBEGISTAN BILEN EÝRAN ULAG-KOMMUNIKASIÝA ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELDÝÄR
Tegerana resmi sapar bilen baran Özbegistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Furkat Sidikow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri Muhmmad Eslami bilen duşuşdy. Bu barada “Dunýo” saýtyna salgylanyp, “Trend” habar berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.