Habarlar
Habarlar
Azarbaýjanyň ýol infrastrukturasy täze elektrokarlaryň talabyna laýyk gelýär
Baku TREND-iň habar bermegine görä, Azerbaýjanda import üçin ekologiýa taýdan arassa awtoulaglar üçin ýol infrastrakturasyny üýtgetmegiň geregi ýok.
Gazagystanyň "BARYS" ýük gämisi Baku portuna geldi
Gazagystanyň "BARYS" ýük gämisi Aktau-Baku-Aktau ugry boýunça ýük gatnawyny amala aşyrmak maksady bilen üsti ýükli Baku portuna geldi.
ALKYŞ ÝAGÝAR ARKADAGYŇ ADYNA
Ýakynda eziz Diýarymyzda uludan bellenilen Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy, şeýle-de köp çagaly eneleriň birnäçesine täze ýaşaýyş jaýlaryň açarlary gowşuryldy.
YKDYSADY MESELELER BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNYŇ ÇÄGINDE ULAG-ARAGATNAŞYK TOPLUMYNA TABŞYRYKLAR BERILDI
Hormatly Prezidentimiz düýn ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
“Marytelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasy sanly ulgamy ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
“Marytelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdümek we kiberhowplara garşy göreş çärelerini güýçlendirmek boýunça maslahat geçirildi.
Gruziýa Türkmenistan bilen howa gatnawlaryny açar
Ýakyn wagtda Gruziýa döwleti Türkmenistan bilen howa gatnawlaryny açar. Bu barada Trend habarlar agentligi «Новости Грузия» habarlar portalyna salgylanmak bilen beýan edýär.
HOWA ÝOLLARYNYŇ MADDY–ENJAMLAÝYN BINÝADY KÄMILLEŞÝÄR
Ýakyn günlerde «Türkmenhowaýollary» agentligine gelip gowuşmaly «Boeing 777-200LR» uçary hem munuň aýdyň mysalydyr.
«LAPIS-LAZULI» HYZMATDAŞLYGY ösüşde
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa ulgamy üçin şanly wakalar bilen başlandy. Ýakynda ulanylmaga berlen üç sany iri taslamanyň ulag pudagyna degişli bölegi hem Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegini düzýär. Şu nukdaýnazardan, «Lapis-Lazuli» halkara ugrunyň ähmiýeti has-da ýokarlanyp, täze çözgütleriň kabul edilmegine esas döredýär.
DÖWÜR BILEN AÝAKDAŞ
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli ulgamlar täze ösüşlere eýe bolýar. Şol sanda bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Ulag we kommunikasiýa toplumynda iş maslahaty geçirildi
9-njy martda şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenen, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garalan sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan edilen ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada iş maslahaty geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.