SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY
28-06-24
Saglyk — ynsan üçin iň gymmatly baýlyk. Durmuşyň hözirini görüp, emin-erkana ýaşamak, zähmet çekmek, döretmek üçin ynsana, ilkinji nobatda, jan saglyk gerek. Filosofiýanyň ägirdi Platonyň sözi bilen aýtsak, saglyk hemme zat däl, emma hemme zat saglyksyz hiç zat. Şu ýörelgeden ugur alnyp, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak bilen bagly tutumlar Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň esasy baýlygy bolan halkymyzyň saglygyny goramakda yzygiderli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Soňky ýyllarda dünýä ölçeglerindäki halkara sport çärelerini geçirmegiň merkezleriniň biri bolan Türkmenistan döwletimizde köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, dürli ýaryşlar we beýleki çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ýakynynda ýerleşen Köpetdagyň dag gerişlerinden çekilen Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýöriş guralýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri hem-de beýleki pudaklaýyn edaralar, kärhanalar, ýokary okuw mekdepleri, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan medeni-sport çäreleri guralýar. Bu bolsa häzirki döwürde ýurdumyzda her bir adamyň sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmagy, saglygyny berkitmegi üçin ähli şertleriň döredilendiginiň aýdyň beýanydyr.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini wagyz edýän hem-de medeni, sungat we beýleki çäreleriň ýaýbaňlandyrylmagy döwrebap ösüşlerimizde şu ugurlara berilýän uly orundan nyşandyr. Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge, şeýle hem, sport medeniýetini galkyndyrmaga-da aýratyn ähmiýet berilýär. Berkarar döwletimizde sport bilen meşgullanmak üçin hem ähli şertler döredilen. Bu bolsa her bir adamyň beden taýdan sagdyn bolmagyna mümkinçilik berýär. Gözel Diýarymyzda adamlaryň saglygyny goramak wezipesi ähli zatlary öz içine alýan ulgamdyr we tutuş milletiň hem-de aýratyn alnan her bir adamyň ýaşaýyş durmuşyny üpjün etmegiň gündelik hakykatydyr.
Biz ýaşlara şeýle ajaýyp zamanada okamaga, döretmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Amanmyrat GOÇMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy.
Halk maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy
Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi.
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili
Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär.
Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy
Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak eziz Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.
GURBAN BAÝRAMY - MUKADDES BAÝRAM
Berkarar döwletiň eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.
Özgerişiň we gözelligiň paýtagty
Milli senenamasynda 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr. «Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdep, çagalar bagy gurulýar» ýa-da «Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary açylýar» diýen ýaly ýakymly hoş habarlar paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. H
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.