Kitap - kämilligiň gözbaşy

27-11-25

Kitap içi many-mazmunly sözler, suratlar we maglumatlar bilen üpjün edilen hazyna. Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýan gymmatlykdyr. Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary öz gursaklarynda saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. Kitaplar geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz miras hasaplanylýar. 

Kitabyň ähmiýeti, peýdasy gadymyýetden bäri mälim. Çagalykdan aňymyza siňen ertekidir rowaýatlarda, nakyldyr matallarda kitabyň edil çörek ýaly mukaddes  zatdygy öňe sürülýär. Taryhyň dürli döwürlerinde türkmeniň taryhy we medeniýeti barada köpsanly eserler ýazylyp, miras galdyrylypdyr. Elbetde, kitap ýazmaklygyň möhüm bolşy ýaly, kitaby halk köpçüligine ýetirmek hem möhüm bolupdyr. Häzirki wagtda kitaplaryň satylýan ýörite kitap dükanlary halkymyza giňden hyzmat edýär. Türkmenistanda we hat-da Orta Aziýada kitabyň taryhy barada köpsanly ylmy işleri bilen tanalýan alym, taryh ylymlarynyň doktory Almaz Ýazberdiýewiň 2004-nji ýylda çap edilen «Köne türkmen basma kitaplary» atly eserinde gyzykly maglumat bardyr. Onuň eserinde XIX-XX asyryň başlarynda Orta Aziýada kitap satmak bilen meşgullanýan telekeçileriň öz serişdeleriniň hasabyna dürli kitaplary çap edip, bu eserleri ilat arasynda satyp ýaýradyp, halkyň bilimini-sowadyny artdyrmaga, medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşandyklary ýazylypdyr.

Kitaplary halk köpçüligine ýetirmekligiň ýene bir ýoly bolsa kitaphanalardyr. Garahanly, Gaznaly, Seljukly, Anuşteginli we Osmanly döwletleri kitaphana gurmaklyk işine aýratyn üns beripdirler. Bu döwletler orta asyrlar ylmynda uly yz goýan döwletler bolmak bilen bir hatarda, alymlaryň hem jemlenen merkezi bolupdyrlar. Bu kitaphanalarda müňlerçe eserler alymlaryň hyzmatynda bolupdyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly birinji kitabynda şeýle maglumat berýär: «Birwagtlar Türkmenistanyň çäginde göçme kitaphanalar bilen birlikde Nusaý patyşalygynda, Köneürgençde, Amulda, Dehistanda, seýle hem Gadymy Merwde iri kitaphanalar hem bolupdyr. Kitap ýükli kerweni bolan kerwenbaşy hatyrjemligi elden bermändir. Çünki kitabyň bahasy altyn-kümüşden-de has ýokarda bolupdyr.»

Türkmen halkynyň milli ýörelgesini döwrebap ösdürýän Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitaphana işini ýola goýmak üçin uly tagallalar edýär. Diňe bir paýtagtymyzda däl, welaýat merkezlerinde döwrebap kitaphanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Kitaphanalar - ylmyň we medeniýetiň merkezidir. Häzirki döwürde kitapsyz milletiň ylmyndan we medeniýetinden söz etmek juda kyndyr. Gahryman Arkadagymyz taryhymyzy we medeniýetimizi öwrenmek meselesine çuňňur garaýar we köpsanly eserlerini türkmen halkyna peşgeş berýär.

Türkmen atalar sözünde beýan edilişi ýaly: «Kitap - adam paýhasynyň maddylaşmagydyr». Gahryman Arkadagymyzyň atalyk eserleri halkymyz we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldaw bilen garşylanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly başlangyjy boýunça neşir edilýän kitaplaryň her biri türkmeniň ruhy dünýasini özünde jemleýär. Kitaplaryň many-mazmuny, çeper pelsepewi pikirleri türkmen halkynda uly gyzyklanma döredýär. Şonuň üçin hem bu kitaplar amala aşyryljak ylmy açyşlaryň gözbaşydyr. Kitabyň ynsan üçin ähmiýeti barada orta asyrlarda meşhur şahyry Reýhan Horezmi «Mertebeler we kemlikler» atly eserinde şeýle ýazypdyr: «Dünýäde atyň üstünden oňat tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok».

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Altyn ANNANEPESOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.