ÝAŞLAR BARADAKY ALADA DÖWREBAP GELJEGE BADALGA
11-05-24
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň binýady bolan ýaşlara möhüm üns berilýär.
Türkmenistanly ýaşlaryň hukuklary we azatlyklary kanun taýdan kepillendirilendir. Ýaşlaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin zerur bolan amatly mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwrüň talaplaryna hem-de geljekki ösüşiň ugurlaryna laýyklykda, bu babatdaky milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklary, öz ukyplaryny we zehinlerini, aň-bilim mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekleri, gözýetimlerini giňeltmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edildi we daşary ýurt dillerini öwrenmegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 - 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamalary we beýleki möhüm resminamalar kabul edildi. Islendik ýurduň ösüşi diňe bir onuň tebigy serişdeleri, ykdysady we durmuş mümkinçilikleri arkaly däl-de, eýsem, ýokary hünärli, köptaraply hünärmenleriniň, ylym we tehnologiýa ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň derejesine bagly bolup durýar. Täzeçil usullar, sanlylaşdyrma, ylmyň gazananlary we ýokary tehnologiýalar häzirki döwürde döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň, umuman, jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertini emele getirýär.
Ýaşlary halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer, ahlak ýörelgeleriniň esasynda watansöýüjilik ruhunda, şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine laýyk derejede terbiýelemek täze taryhy eýýamda döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Şunda ýaş türkmenistanlylaryň milletimiziň baý taryhy-medeni mirasyna bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi. Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda ýaş nesilleri terbiýelemekde dünýä nusgalyk däpleri we ýörelgeleri döredipdir. Olar nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize çenli ýetirilipdir. Zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, tertiplilik, dostanalyk, ünslülik, daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşmek, jogapkärçilik, özbaşdaklyk ýaşlarda irki döwürlerden başlap kemala getirilýän häsiýetlerdir.
Ýaş nesilleriň abadançylygynyň we hemmetaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilmeginde olaryň sagdynlygyna möhüm orun degişli bolup durýar. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, çagalaryň we ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýä, sportuň dürli görnüşlerine çekilmegi wajyp şert bolup durýar. Çünki bedenterbiýe we sport ýaşlarda ýokary ahlak häsiýetleriniň kemala gelmeginde, aň-paýhas ukyplarynyň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýär. Yzygiderli türgenleşikler, beden maşklary adam häsiýetini taplaýar, ýaşlarda maksada okgunlylygy, durnuklylygy, zähmetsöýerligi, tertipliligi, saglyk üçin zyýanly endiklere garşy durmak ukybyny berkidýär.
Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň döredijilik hem-de sungatyň dürli ugurlary bilen meşgullanmaklary üçin-de ajaýyp mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi halkymyzyň gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary geljek nesillere geçirmek ýörelgeleri bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda ýaş maşgalalara goldaw bermek boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna goşant goşmaga gyzyklanmasy ýokary bolan ýaşlaryň işjeň we jogapkärçilikli durmuş ýörelgesi olaryň özleri üçin döwlet tarapyndan edilýän alada mynasyp jogaby bolup durýar. Ýaşlara döwrebap kämil terbiýe, ylym-bilim bermekde, eşretli, bagtyýar durmuşy üpjün etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys!
Alymerdan AMANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.