GARAŞSYZLYK — TÜRKMEN HALKYNYŇ UÇAR GANATY
15-09-24
Arkadagly Prezidentimiziň baştutanlygynda şanly Garaşsyzlygymyzyň nurana baýdagynyň astynda halkymyz özüniň bagtyýar geljegini gurýar. Çekilýän döredijilikli zähmetiň netijesinde ata Watanymyz jenneti mekana öwrülip, mähriban topragymyz gülläp ösýän künjege öwrülýär. Agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýetilen sepgitlere buýsanyp, täze ösüşlere sary ynamly gadam goýýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda yglan eden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny dabaraly belläp geçýär. Taryh üçin gysga döwürde ýurdumyz dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Garaşsyz döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýy barha ýokarlanýar, milli Liderimiziň ählumumy howpsuzlygyň, asudalygyň, parahatçylygyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen netijeli hem-de parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasaty, Arkadagly Serdarymyzyň döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işleri, üstünlikli durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli taslamalary, düýpli özgertmeleri beýik maksada — Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň binýady has-da berkidilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Ýer ýüzünde parahatçylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, içerki ösüşi hem-de dünýä giňişliginde milli bähbitleri üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Elbetde, dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýan eziz Diýarymyzyň ähli üstünlikleriniň binýady ata Watanymyzyň Garaşsyzlygy hem-de Bitaraplygydyr. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen hemişelik Bitaraplygymyz parahat, asuda we gülläp ösýän durmuşy beren mukaddesliklerimizdir.
Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň her biri türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň alyp barýan adyl hem-de ynsanperwer syýasatynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraýyny dünýäde has-da ýokary belentliklere göterýändiginiň, halkara jemgyýetçiliginiň uly hormatyna hem-de giň goldawyna eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň syýasy ýörelgesi halkymyzy, ýurdumyzy bagtyýarlyga besläp, ýeňişlerden ýeňişlere alyp barýan bagtyýarlyk eýýamymyzyň beýik hem-de röwşen geljegini kesgitleýän parasatly ýörelgedir.
Taryh üçin gysga döwürde Türkmenistan Watanymyzyň ýeten derejesi, içeri we daşary syýasatdaky gazanan uly üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasy ýörelgesiniň kämildigini bu gün tutuş dünýä ykrarnamasyna eýe bolýar.
Albina ZAKIRANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Halk maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy
Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi.
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili
Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär.
Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy
Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak eziz Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.
GURBAN BAÝRAMY - MUKADDES BAÝRAM
Berkarar döwletiň eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.
Özgerişiň we gözelligiň paýtagty
Milli senenamasynda 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr. «Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdep, çagalar bagy gurulýar» ýa-da «Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary açylýar» diýen ýaly ýakymly hoş habarlar paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. H
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.