Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar

22-05-23

Ýurdumyzda ýaş nesillerimiz baradaky alada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz mynasyp ornuny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz baradaky aladany elmydama üns merkezinde saklaýar. Olara döwrebap bilim, terbiýe bermek, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky aladalar baş wezipeleriň biri bolup durýar.

Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden taryhy çykyşynda täze döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlaryň yzygiderli kämilleşdirilýändigine ünsi çekip, rejelenen görnüşli «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň maksadynyň Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagyny üpjün etmekden, ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmekden ybaratdygyny nygtamagy ýurdumyzda ýaşlarymyza berilýän ünsüň çäksizdiginiň mysaly bolup durýar.

2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII Gurultaýynyň geçirilmegi biz – bagtyýar ýaşlaryň buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlaryna uly ynamyň bildirilýändigine doly şaýatlyk edýär. Bu belent ynamy ödäp, kalbyndaky buýsanjy bilen mukaddes borja wepaly ýaşlar “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny” uly zähmet ýeňişlerine beslemek ugrunda okaýarlar, öwrenýärler, döretýärler, önjeýli zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň: “Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir” diýip belleýşi ýaly, häzirki döwürde bagtyýar ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Ýaşlara bildirilýän ynamyň, buýsanjyň özeninde uly many bar. Çünki Milli Liderimiziň binýadyny goýan, Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän beýik işleriniň netijesinde, Berkarar Watanymyzyň her bir ulgamynda uly ösüşler gazanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň halka daýanyp, halkyň hatyrasyna durmuşa geçirýän tutumly işleri netijesinde, ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmegi, sagdyn bedenli, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki taryhy zamanamyzda ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, ýaşlaryň watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemäge, öz halkynyň taryhyny, medeniýetini we däp-dessurlaryny hem-de mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen anyk çäreler görülýär we bu işler döwlet tarapyndan goldanylýar. Nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna şeýle uly tagallalary durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak we milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmek baradaky alyp barýan işleri biri-biri bilen sazlaşyp, her ädimde aýdyňlygy bilen duýulýar. Biz muňa “Ýaşlar barada döwlet syýasaty” hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň hem-de “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” kabul edilmeginde hem aňryýany bilen göz ýetirýäris.

Ýaşlar geljegi gurujylar, jemgyýetiň kuwwatly güýji hökmünde uly mümkinçilige eýe bolup, olary watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, ýaş maşgalalary goldamak wezipeleri döwlet syýasatynyň merkezinde durýar. Häzirki döwürde ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlaryny, maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen baglydyr. Döwlet tarapyndan ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin şertleri döretmek işleri maksatnamalaýyn alnyp barylýar. Ýaşlara döredilýän mümkinçilikleriň öz miwesini berýändigini biri-birinden zyýada ýaş zehinleriň ýeňişleri subut edýär. Gazanylýan ýeňişler esasynda günleriň günlerden, ýyllaryň ýyllardan zyýada bolmagy türkmen halky üçin adaty durmuş ýagdaýyna öwrüldi.

Muny biz her bir ädimde görýäris, duýýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň şeýle göreldesi biz – ýaşlar üçin nusga alarlyk mekdep bolup durýar. Türkmen ýaşlary üçin uly tagallalary edýän, bize her bir işde görelde bolýan, Watany söýmegiň, ony mukaddeslik derejesinde sarpalamagyň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Mugjagűl AMANGELDIÝEWA, 
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

166bc5015022ab.jpeg
Halk maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy

Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi.


166e33d3052645.jpeg
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili

Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär.


162c7f106b96c2.jpeg
Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy

Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak eziz Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.


162cba1ff0af91.jpeg
GURBAN BAÝRAMY - MUKADDES BAÝRAM

Berkarar döwletiň eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paý­laýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.


166515eeba8e2c.jpeg
Özgerişiň we gözelligiň paýtagty

Milli senenamasynda 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr. «Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdep, çagalar bagy gurulýar» ýa-da «Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary açylýar» diýen ýaly ýakymly hoş habarlar paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. H

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.