Garaşsyzlyk — belent üstünlikleriň aýdyň ýoly

18-09-24

Mundan 33 ýyl ozal özbaşdaklygyny jar eden we dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan Türkmenistan häzirki günlerde şan-şöhrata beslenýär. Bu gün Türkmenistan ýurduň ykdysady ösüş derejesini kesgitleýän häsiýet boýunça dünýä ýurtlarynyň sanawynda mynasyp orny eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ägirt uly ösüşleriň ýoly bilen öňe sary barýar. 

Uly ösüşlere beslenip gelýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň özenini ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri giňden öz beýanyny tapýar. Bu ýörelgeler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge şert döredýär.Garaşsyzlygymyzyň  bu şanly senesi türkmen döwletiniň özygtyýarlylygyny, berkararlygyny, milletiň dowamatyny, erkinligini  hem mertebeliligini şertlendirýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyzyň köp sanly üstünliklerdir belent sepgitlere beslenmegi, adamzadyň ýagty geljegine ýetmek ugrunda ynsanperwer başlangyçlaryň, parahatsöýüjilikli syýasatlaryň döreýän mekanyna öwrülmegi ýürekleri joşdurýar. Mukaddes Garaşsyzlyk biziň ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýadydyr. 1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Netijede, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda düýpli özgertmelere badalga berildi.

Garaşsyzlyk – halkyň Arşa ganat açmasy. Garaşsyzlyk – milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatlyk mukamy bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk zamanynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw- umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşginde hasyl boldy. Garaşsyzlyk nury halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna  baky öçmejek ýalkym saçdy. 

Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna beren ýene bir uly bagty — halal zähmetiň hözirini görüp, erkana ýaşamaga we dynç almaga bolan mizemez raýatlyk hukugydyr. Ýurdumyzda barha uly depgin bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler, döwletimiziň içerki we daşarky syýasatynyň düýp esasyny düzýän demokratiýa hem-de adalatlylyk ýörelgelerimiz her bir türkmenistanlynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýan Garaşsyz ýurdumyzyň ähli sebitlerini ösdürmek, iň çetki künjeklerinde-de halkyň abadan ýaşaýşy üçin zerur bolan mümkinçilikleri döretmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty has-da rowaçlanýar. Eziz Watanymyzyň şöhratly taryhyndaky 33 ýyllyk ýolunyň dowamynda durmuşa geçirilen bu işler bolsa türkmen döwletiniň mundan soňra-da has uly öňegidişlikler gazanyp, belent sepgitlere ýetjekdigine mizemez ynamymyzy berkidýär.

Garaşsyz, özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan Watany! Türkmen halky bu gün öz bagtyna – dünýä eşretleriniň elýeterli durmuşynda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar. Çünki ýurdumyzda adalat jemgyýetini, dünýä derejesindäki demokratik ösüşi pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, zähmet hem-de durmuş üpjünçilik kanunçylygyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa ornaşdyrylýan maksatnamalary Watanymyza, halkymyza egsilmez söýgüsinden aýdyň nyşandyr.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramy — anyk işleri we täze taslamalary amala aşyrmagyň döwri. Şeýle taslamalar bütin ýurdumyzy gurşap alýar. Her ýyl taryhy pursatlar, şanly wakalar bilen täze bir tapgyry aňladýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde döredijilik güýji bar. Goý, mukaddes Garaşsyzlygyň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýan eziz Diýarymyz mundan beýläk-de gülläp össün!

Dünýä ýüzünde parahatçylyga, dostluga, agzybirlige çagyrýan Garaşsyz Diýarymyzyň at-abraýy mundan buýana hem belent derejelere ýetsin! Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan adyl syýasaty dowamat dowam bolsun!

Azat MAŞRYKOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

166bc5015022ab.jpeg
Halk maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy

Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi.


166e33d3052645.jpeg
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili

Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär.


162c7f106b96c2.jpeg
Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy

Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak eziz Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.


162cba1ff0af91.jpeg
GURBAN BAÝRAMY - MUKADDES BAÝRAM

Berkarar döwletiň eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paý­laýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.


166515eeba8e2c.jpeg
Özgerişiň we gözelligiň paýtagty

Milli senenamasynda 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr. «Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdep, çagalar bagy gurulýar» ýa-da «Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary açylýar» diýen ýaly ýakymly hoş habarlar paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. H

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.