ÝAŞ HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK – BAŞ WEZIPE
25-05-23
Gerekli bilimleri ele alan öz işine ussat hünärmenler öndürijilikli zähmet çekip, üstünlikleriň gazanylmagyna uly goşant goşýarlar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ulag kommunikasiýa pudagynyň hünärmen taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.Ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde olaryň öz saýlap alan hünärlerini öwrenmekleri esasy şertleriň biri bolup durýar. Bu babatda Arkadagly Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär. Döwlet ähmiýetli taslamalary ýerine ýetirmek üçin, göz öňünde tutulan maksatnamalaryň ählisini durmuşa geçirmek üçin, ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy örän wajypdyr. Ussat hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurduň ösüşini täze basgançaklara çykarmaga uly itergi berýär. Institutyň professor-mugallymlary talyplaryň saýlap alan ugurlaryndan kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin yzygiderli tagalla edýärler.
Arkadagly Serdarymyzyň döwleti dolandyrmak, ösdürmek baradaky ylmy taglymatynda sanly ykdysadyýete, täze tehnologiýalara uly orun berilýär. Dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan täze derejelere çykmagyna ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösdürilmegi gönüden-göni täsir edýär, şunlukda, nazary, amaly bilimleriň we maglumat tehnologiýalarynyň ähmiýeti artýar. Ýokary okuw mekdebimiziň baş maksady ýurdumyzyň innowasion ulgamyny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Ýokary okuw mekdebimiziň esasy wezipeleri ýaşlaryň bilimini çuňlaşdyrmakdan we giňeltmekden, düýpli we ylmy-amaly barlaglary guramakdan hem-de geçirmekden, hünärmenleriň we ýolbaşçy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, jemgyýetiň ruhy-ahlak, medeni we ylmy gymmatlyklaryny toplamakdan ybaratdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde bilim edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hili elektron bilim maglumatlar bilen üpjün etmek maksady bilen sanly bilim bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda» Konsepsiýasyna laýyklykda institutyň çäginde bitewi maglumat tory,sanly bilim portaly, web saýt hereket edýär.
Institutymyzda hem sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça birnäçe işler durmuşa geçirildi we bu iş häzirki döwürde hem üstünlikli alynyp barylýar. Ýurdumyda halkara ölçeglerine laýyk gelýän bilim edaralarynyň gurulmagy, olarda sapaklaryň häzirki zaman usulda geçirilmegine mümkinçilik berýän enjamlaryň ornaşdyrylmagy olaryň internet ulgamyna birikdirilmegi ýaşlara bilim terbiýe bermek,hünärmenleri taýýarlamak işini dünýä ölçegleriniň talaplaryna laýyk ýola goýmaga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge giň ýol açdy. Ýokary okuw meldebimizde ýaş hünärmenleri taýýarlamakda ýokary derejeli mugallymlar bilim berýärler. Olar okuw prosessini we döredijilikli ylmy işleri alyp barýarlar. Mugallymlaryň we talyplaryň ylmy işleri we makalalary yzygiderli metbugatda çap edilýär. Mugallymlar hünär we bilim derejelerini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe ykdysady okuwlara we seminarlara gatnaşýarlar.
Häzirki wagtda dünýä tejribesinde uzak aralykdan okuw bilim ulgamy iň öňdebaryjy we köp peýdalanylýan ugurlaryň biridir. Institutda sanly bilim gorlaryny işläp taýýarlamak bilen bir hatarda bilim işine gatnaşyjylaryň tor boýunça özara işleşmegini üpjün etmek uzak aralykdan bilim alamagynyň görnüşlerini öwrenmek we durmuşa geçirmek boýunça işler alynyp barylýar.
Ýokary okuw mekdebimizde gurnalan bilim portaly arkaly mugallymlar okuw işlerine degişli maglumatlary we talyplaryň sapaklara ýetişigini elektron görnüşde hasaba alýarlar.Sanly bilim ulgamynyň çäklerinde internet ulgamynyň mümkinçiliklerine ylymyň we tehnikanyň iň soňky gazanan üstünlikleri esasynda teleköpri arkaly uzak aralykdan bilim bermek usuly giňden peýdalanylýar.Bu usulda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri,ylym-bilim merkezleri uzak aralykdan sapaklary,wideoşekilli maslahatlar guralýar. Uzak aralykdan okuw okatmak munuň özi okuw işine degişli ähli düzümleri birleşdirýän sanly ulgam bilen guralarýan okuwyň görnüşidir. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebimizde halypa mugallymlaryň sapaklary teleköpri arkaly uzak aralykdan gurnamak, talyplaryň arasynda dersler boýunça açyk internet bäsleşikleri geçirmek yzgyderli alynyp barylýar. Bu online duşuşyklar oňa gatnaşyjylaryň hemmesini ylmy gatnaşyklaryny berkitmäge we ösdürmäge mümkinçilik berýär. Okatmagyň bu usuly häzirki wagtda dünýäde öran ýörgünli hasap edilýär. Çünki bu usul taraplaryň ählisi üçin tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.
Umuman, aýdylanda, institutda ýaşlaryň kämil, ylymdan paýly, öz işine ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri,mugallymlaryň öz hünärlerini kämilleşdirmegi üçin uly şertler döredilendigini buýsanç bilen bellemelidiris. Institutda okadylýan hünärler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny, şeýle hem ýerli dolandyryş edaralaryny sanly ykdysadyýetiň talaplarynda ösüşiň täze giňişliklerine çykarmagy başarýan ussat hünärmenleri taýýarlamakda uly hyzmatlara eýedir.
Türkmen ýaşlarynyň ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikleri döredýän, ylym-bilim we innowasiýalar älemine giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işleriniň mydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Rahym BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.
Halk maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy
Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi.
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili
Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär.
Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy
Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak eziz Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.
GURBAN BAÝRAMY - MUKADDES BAÝRAM
Berkarar döwletiň eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.
Özgerişiň we gözelligiň paýtagty
Milli senenamasynda 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr. «Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdep, çagalar bagy gurulýar» ýa-da «Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary açylýar» diýen ýaly ýakymly hoş habarlar paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. H
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.