AÝBÖWRÜŇ ÝOLLARY

08-11-21

Mirasgäriň ýandepderçesinden

Gadymy Aýböwür ýaýlasy diňe bir şahyrana ady bilen däl, eýsem, juda özboluşly owadan keşbi bilenem ol ýerde bir gezek bolanlaryň hemişelik ýadynda galýar. Bu ýerde Aýböwür köli ýerleşip, oňa ir döwürde Amyderýanyň bir goly guýupdyr. Hazardan, Sarygamyşdan, elbetde täze dörän «Altyn asyr» Türkmen kölündenem soňraky iň uly kölleriň biri bolan Aýböwür köli ýurdumyzyň hazynaly ojaklarynyň biri. Ol baýlyklar mesgeni.

Aýböwür haýran galyp seredip oturmaly, aňyrsyna-bärsine göz ýetmez düzlük. «Şu ýeri meniňki» diýýän ýaly. Onuň daşy Üstýurt gyry ýarym aý şekilli bolup, günortadan demirgazyga daşyndan aýlanyp dur. 2-5 kilometr inlilikdäki, aşyrsy görnüp duran gyry kesip geçäýen ýeriňden hem Atgyrlan, Bötendag, Döwkesen düzlükleri başlanýar.

Baýyrlaç tekiz daglygyň – Üstýurt gyrynyň hemme ýerinden münüp-düşüp bolanok. Onuň belli-belli çykalgalary, inelgeleri bar. Olar hem ýollara birigýär. Ol ýollaryň hem şahyrana atlary bar. Umumanam ýurdumyzyň ähli ýerinde dag ýollary atlandyrylan bolýar. Ynha Üstýurt gyrynyň çykalgalary:

Diuňliburun ýoly. Ýurdumyzyň demirgazyk nokady hasaplanýar. Ondan aňry ýol Moskwa çenli gidýär. Ir döwürde gelýän kerwenleriň azaşman Diňliburunyň ýoluna gelmegi üçin çelgi – daşdan diň gurupdyrlar. Diňliburun ady şondan galypdyr.

Sabyn ýol. Şu ýerleriň ugrunda birmahal çogan köp ösýän ekeni. Adamlar ony ýygyp alyp sabyn gaýnadypdyrlar.

Kaşga ýol. Manysy anyk belli däl. Gadymy türki dilindäki kaşgar – möjek sözünden, möjekleriň münüp-düşýän ýoly diýip düşündirjek bolýarlar. Bu ýerdäki obalaryň hem biriniň ady Kaşga ýol.

Syzyloý. Ýoldan düşäýen ýeriňdäki obanyň ady. Bu ýerde syza ösümligi köp ösýän ekeni. Dyrnagyň düýbüne syzgy diýilýär. Gyryň syzgysyndaky oba manysy bolmagy mümkin.

Şamahy. Gyryň üstündäki gadymy şäheriň ady. Günbatar – Günüň batýan ýerindäki şäher diýmek. Şapak sözüniň ýerli şiwede atlandyrylyşy.

Çäşdepe ýa-da Harmanjyk. Çykalganyň golaýynda üýşürilen galla harmanyna meňzäp duran depe juda alyslardan görünýär. Rowaýatlar ony Nalajyň harmany diýip düşündirýär. Aýböwürden seredeniňde günüň çäş ýerinden görünýär. Çäşdepe ady şondan galan bolmaly. Aýböwür – Gürgen ýolunyň çykalgasy. Garadäli Gökleň meşhur «Ýandymyny»  Çäşdepede döredipdir diýen rowaýat bar.

Atgyrlan, Bötendag, Döwkesen düzlüklerinden Üstýurt gyryny kesip, Aýböwür ýaýlasyna geçilýän geçelgeleriň hem birnäçesi bar.

Kyrkdeşik. Gyryň kemerindäki köp sanly gowaklaryň ýanyndaky ýol. Oňa ýokardan urgan bilen sallanyp ýa-da aşakdan merdiwan bilen baraýmasaň barmak mümkin däl. Gowaklarda birwagtky ýaşaýşyň yzlary saklanyp galypdyr.

Döwkesen. Gyryň kert gaýasynda gurlan gadymy gala. Onuň daşyndan daşy oýulyp edilen garym. Şol garymyň ugrundaky çykalga. Rowaýatlar bu garymy Şirin-Perhat hakyndaky gürrüňler bilen baglanyşdyrýar.

Kerem oglan. Döwkesen düzlüginiň demirgazygynda Gazagystana gidilýän ýoluň çykalgasy. Çykalganyň ýanyndaky mazaryň we ýadygärligiň ady. Ýerli ilat bu mazary «Kerem oglan» dessanyndaky Keremiň ady bilen baglanyşdyrýar.

Aýböwrüň ýollary. Geçen asyryň ortalarynda bu sebite ilatyň köpçülikleýin göçüp gelmegi bilen ýaýla doly özleşdirildi.  Köp sanly täze obalar döredi. Şol obalara hem gadymy çykalgalaryň – ýollaryň atlary dakyldy. Indi Diňliburun, Kaşga ýol, Syzyl oý, Şamahy, Harmanjyk, Döwkesen diňe bir çykalga – ýollaryň atlary bolman, olaryň golaýyndaky obalaryň hem atlaryny aňladýar.

Şöhrat ABDYÝEW, 
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, mirasgär.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.