HEMIŞELIK BITARAPLYK — MIZEMEZ GYMMATLYGYMYZ

12-12-23

Garaşsyz Türkmenistan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolan 185 döwletiň goldamagynda hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edildi. 2007-nji ýylyň dekabrynda sebitiň döwletleriniň goldamagynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkezi açyldy. Şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagy bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ikinji gezek ykrar edildi. Elbetde, bularyň ählisi, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň geriminiň ýyl-ýyldan has-da giňeýändiginiň we ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan Merkezi Aziýa, Hazar sebitlerinde we beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine netijeli täsir edýän möhüm ähmiýetli başlangyçlar, teklipler bilen yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň ýüzlerçe döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar we birnäçe halkara guramalarynyň agzasy bolup durýar. Daşary döwletlerde Türkmenistanyň diplomatik we konsullyk wekilhanalarynyň onlarçasy hereket edýär we olaryň sany yzygiderli artýar. Geçen sanlyja ýylyň içinde daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň we bileleşikleriniň Aşgabatda işleýän wekilhanalarynyň sany has-da artdy.

Gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi dürli ýollar arkaly pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen halkara maslahatlaryň, duşuşyklaryň, sergileriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrülendigi bellenilmäge mynasypdyr.  Bu bolsa dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli, dostana gatnaşyklary berkidýän döwletimiziň ösüşlerine goşant goşmagyň uly mertebedigini aňladýar. Munuň özi, mähriban Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen öňe sürlen Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň netijeliliginiň aýdyň görkezijisidir.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkara ähmiýetli beýik işleriň geriminiň giňelmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ösüş derejesini kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatdyr etraplarynda, obalarynda yzygiderli iş saparynda bolup, ýerli ýaşaýjylar bilen duşuşýar, il-ýurt bähbitli işlere badalga berýär.

Ýurdumyzda toýdur-baýramlar goşa-goşadan gelýär. Halkymyz agzybirlik we jebislik bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygyny uly dabaralar, şatlyk-şowhunlar bilen garşylaýar. Garaşsyz ýurdumyzyň kuwwatly ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryndaky ösüşleri özleriniň zähmet ýeňişleri bilen aýdyň şöhratlandyrylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Bitarap watanymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramyna uly zähmet üstünlikleri we guwandyryjy netijeler bilen garşy alýarlar. 28 ýyl döwrüň içinde eziz Diýarymyzda asyrlara barabar beýik işler amala aşyryldy. Bitarap Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda ýokary depginler bilen ösýär, ynamly gadam urýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly beýik ösüşleriň, oňyn özgertmeleriň zamany. Şol belent ösüşleriň, özgerişleriň hözirini ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysy görüp-duýup ýaşaýar. Abraýy arşa galýan eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerine halal zähmetleri bilen goşantlaryny goşýan ildeşlerimiz Watan serpaýynyň eýesi bolýarlar. Bu hakykat ýurdumyzda adamyň çeken halal zähmetine goýulýan sarpanyň belentdigine güwä geçýär. Berkarar döwletimizde amal edilýän işleriň il-günüň bagtly durmuşyna gönükdirilmegi beýik döwrümiziň esasy aýratynlygydyr.

Elbetde, ähli ulgamda gazanylýan şeýle ajaýyp üstünlikleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ykdysady-durmuş taýdan ösdürmekde alyp barýan ýadawsyz tagallalarynyň, takyk seljermelere esaslanýan parasatly syýasatynyň durandygyny aýratyn nygtamak zerurdyr. Şeýle hem, bu ajaýyp üstünlikler halkymyzyň ata Watanyň gülläp ösmeginiň, eşretli, bagtyýar durmuşy üpjün etmegiň hatyrasyna çekýän agzybirlik, yhlasly zähmetiniň miwesidir. Biz bilim işgärleri hem milli Liderimiziň berkarar döwletimiziň ylym-bilimi ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasatyny ýaşlarymyza wagyz-nesihat etmegi özümize borç hasaplaýarys. Geljekde hem ösüşlere ukyply ýaşlary terbiýeläp, agzybirlikde we jebislikde ata Watanymyzy şan-şöhrata beslemegiň hatyrasyna döredijilikli işläp beýik maksatlara ýeteris.

Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ýörelgeleriniň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan eziz Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň, şan şöhratynyň arşa galýan eýýamynda – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmeniň milli Lideri mähriban Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan beýik işleri halkymyzyň eşretli durmuşynyň binýadyny berkidýär. Il-ýurt bähbitli beýik işleri dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň ata Watanymyza söýgüsiniň beýikdigini äşgär edýär. Ýurdumyzyň bedew batly şol ösüşleri, özgerişleri türkmen halkynyň kalbyny joşa getirýär.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Baýram JÜMMIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.