MILLI YKDYSADYÝETŇ DURNUKLY ÖSÜŞINIŇ WAJYP GURALY
28-04-23
Garaşsyzlyk ýyllary Türkmenistan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugta berkitdi. Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, täzeçil başlangyçlary öňe sürýän telekeçiligi höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny hem-de gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek arkaly ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini ýeňip geçmek, bazar özgertmelerini ösdürmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy, howpsuzlygy üçin amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan şol özgertmeleriň esasy maksady “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş ýörelgede öz mynasyp beýanyny tapdy.
1993-nji ýylyň 1-nji noýabry — milli manadyň dolanyşyga girizilen senesi Türkmenistanyň ýylýazgysyna döredijilikli özgertmeler eýýamynda Watanymyzyň täze ykbalyna taryhy gün hökmünde girdi. Manat türkmen döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygyň nyşanyna we ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi. Şu ýyllaryň dowamynda ykdysady syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň maliýe-karz, býujet, salgyt, maliýe, baha ugruny emele getirýän we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bazar gatnaşyklaryna geçmegiň milli usuly işlenip taýýarlanyldy. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletleýin milli maksatnamalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň önümçilik binýatlarynyň senagatlaşdyrylmagyny, onuň häzirki zaman düzüminiň we ägirt uly serişde mümkinçilikleriniň esasynda halk hojalygynyň hil taýdan täze pudaklarynyň döredilmegini esasy ugur edinýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz milli ykdysadyýetiň maksatnamalaýyn ulgamyna esaslanýan täze guralyny döretmäge girişdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow içerki bähbitleri, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine we ählumumy meýillere işjeň goşulmagyny nazara alyp, durmuş ulgamyny nazarlaýan çeýe ykdysady strategiýany işläp taýýarlady. Oňyn netijeleriň gazanylmagynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we umumy ykrar edilen halkara standartlaryna laýyk gelýän kanunçylyk-hukuk binýadynyň döredilmegine, döwletimiziň maliýe pudagynyň, salgyt-býujet we baha syýasatynyň kämilleşdirilmegine möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere möhüm üns berilýär.
Ýurdumyzyň banklarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere laýyklykda türkmen manadynyň durnuklylygyny pugtalandyrmak, karzlaryň we ilatyň goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. Banklaryň halkara ülňülerine laýyklykda, maliýe hasabatlylygyna, bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, bank edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär.
Bank ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynda milli Liderimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen wezipeleriň çäklerinde bank hyzmatlarynyň täze görnüşlerini girizmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, işewürligi dolandyrmagy kämilleşdirmek, türkmen banklarynyň maýalaryny artdyrmak we olary hususylaşdyrmak boýunça anyk işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen bir hatarda bu ulgamda sanly ykdysadyýete geçmek üstünlikli alnyp barylýar we onuň programma üpjünçiligi taýýarlanylýar. Bank işleriniň sanlylaşdyrylmagy diňe bir müşderilere edilýän hyzmatlaryň möçberlerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hilini ýokarlandyrmaga we munuň üçin sarp edilýän wagty gysgaltmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde bu çäre banklara pul akymlaryna gözegçilik etmäge we degişli çözgütleri kabul etmäge şert döredýär. Raýatlarymyza hödürlenilýän bank kartlarynyň nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup, jemgyýetimize giňden ornaşandygyny bellemeli.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Goýum bank karty», «Owerdraft karty», şeýle hem halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly hasaplaşyklaryň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilik döredildi. Mundan başga-da, ilatyň erkin pul serişdelerini netijeli peýdalanmaklary we olaryň girdejilerini artdyrmaklary üçin depozit bank karty möhüm gural bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, söwda we hyzmatlar ulgamynda nagt däl hasaplaşyklary döwrüň ýagdaýyna laýyklykda ýola goýmak maksady bilen, «Elektron täjirçilik» hyzmatlaryny girizmek boýunça ulgamlaýyn işler dowam edýär. Munuň özi häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalarynyň esasynda taýýarlanan mobil tölegler üçin programma üpjünçiligi bolup durýar. Bu bolsa söwda we hyzmatlar ulgamynda töleg terminallarynyň eýeleri üçin müşderilere sanly hyzmatlary ýetirmek üçin nobatdaky mümkinçilikdir.
Türkmenistanda amala aşyrylýan strategik ähmiýetli işleriň depginleri we netijeleri ösüşleriň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenjekdigini ynamly aýtmaga doly esas döredýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, milli ykdysady özgertmeler, geljegimiz ugrundaky beýik işler rowaçlyklara beslensin. Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Aýbek TAJYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Halk maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy
Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi.
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili
Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär.
Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy
Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak eziz Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.
GURBAN BAÝRAMY - MUKADDES BAÝRAM
Berkarar döwletiň eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.
Özgerişiň we gözelligiň paýtagty
Milli senenamasynda 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr. «Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdep, çagalar bagy gurulýar» ýa-da «Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary açylýar» diýen ýaly ýakymly hoş habarlar paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. H
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.