Sanly bilim ulgam
30-09-23
Häzirki wagtda bilim ulgamynda beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky düýpli täzelikleriň durmuşa geçirilmeginiň anyk maksatlary halkyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, uzak ýaşamagyna gönükdirilendir. Diýmek, bilimiň ösdürilmegi esasy zerurlyklaryň biri bolup, bu ulgam barha kämilleşdirilýär. Bilim-ylym ulgamynyň dürli basgançaklarynyň kämilleşdirilmegine örän möhüm ähmiýet berilýär.
Bilim ulgamynyň şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň durmuşyndaky ornuna uly baha berlip, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriň, esasan, bilim berlişiniň hiliniň ýokarylygy bilen şertlendirýändigini iş ýüzünde subut edýän durmuşy mysallar sanardan köpdür. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim-terbiýeçilik işleriniň mazmunynyň düýpli özgerdilmegi babatda döwlet tarapyndan täze usullarda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Milli bilimiň ähli basgançaklaryny sazlaşykly ösdürmek, ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny baýlaşdyrmak, täze usulyýetini döretmek, ony döwrebaplaşdyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde dowam etdirilýär. Munuň bilen baglanyşyklylykda, dürli derejedäki okuw mekdepleriniň okuw-terbiýeçilik işlerine berilýän üns güýçlendirilýär hem-de mazmun taýdan düýpli özgerdilýär.
Häzirki döwürde ösen döwletleriň tejribesine ornaşan sanly bilim ulgamynyň milli ülňüsiniň kemala gelýändigi bellidir we ýurdumyzyň ýaşlarynyň maglumat tehnologiýalaryny işjeň hem netijeli ulanyp bilmegini gazanmak bilim işgärleriniň öňünde duran möhüm wezipedir. Munuň özi dünýäniň bilim ulgamynda öňdebaryjy gazanylanlaryň esasynda sanly bilimiň kemala getirilmegini we ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny talap edýän möhüm wezipeleri öňde goýýar.
Sanly bilim ýokary okuw mekdebimizde hem bar. Dürli okuw dersleri boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo-audiomateriallary, interaktiw-multimedia programmalary, tanyşdyryşlary, okuw-görkezme esbaplaryny, maglumat kitapçalary we beýlekileri biz okuw sapaklary guralanda ýakyndan peýdalanýarys. Emma häzirki zamanyň sanly serişdeleri portallarda, ulgamlaýyn görnüşdedigi bilen tapawutlanýar. Sanly ulgamyň döredilişi-de, ulanylyşy-da barha kämilleşdirilýär. Başgaça aýdylanda, sanly bilimiň milli ülňüsiniň kemala getirilen häzirki döwründe onuň aýratynlyklary, maksady, özeni, netijesi nämeden ybarat bolmaly diýlen soragyň bu ugurda zähmet çekýän kärdeşlerimizi gyzyklandyrjakdygy ikuçsuzdyr.
Sanly bilim ulgamy — maglumat jemgyýetidir. Maksady — bilimiň mazmunyny elýeterli we öwrenilmeli maglumatlar bilen her bir raýaty ýeterlik üpjün etmekden ybaratdyr. Sanly bilim ulgamynyň esasy bilim maglumatlarynyň jeminden durýar. Onuň esasyny düzjek elektron bilim gorlarynyň we hyzmatlarynyň hemmeler — talyplar, ata-eneler, bilim işgärleri we beýlekiler üçin mydama elýeterli bolmagy şertdir. Bu ulgamyň döredilmegi, häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk serişdeleri arkaly raýatlaryň bilim almagy, alan bilimlerini üznüksiz we özbaşdak kämilleşdirmäge höweslendirilmegi, sanly bilim tehnologiýalaryny ulanmak we dolandyrmak boýunça mugallymlaryň we degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagy we beýlekiler onuň oňyn netijeleridir.
Döwrebap ýaşamaga, okamaga we zähmet çekmäge ukyply ýaşlarymyzy kemala getirmek üçin döredilýän ylym-bilim mümkinçilikleri üçin biz bagtyýardyrys. Gülleýän, gül açýan, ösüş-özgerişleriň barha belentliklerini nazarlaýan gözel Diýarymyz dünýä ülňülerine laýyklykda, durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşe beslenip, uly ynam, batly gadam bilen öňe barýar.
Arslan HALIDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.
Halk maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy
Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi.
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili
Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär.
Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy
Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak eziz Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.
GURBAN BAÝRAMY - MUKADDES BAÝRAM
Berkarar döwletiň eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.
Özgerişiň we gözelligiň paýtagty
Milli senenamasynda 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr. «Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdep, çagalar bagy gurulýar» ýa-da «Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary açylýar» diýen ýaly ýakymly hoş habarlar paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. H
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.