Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy kämil dünýägaraýşyň tükeniksiz gymmaty

18-10-23

Türkmen edebiýaty adamzadyň aňyna täsir etmäge ukyply edebiýat. Türkmeniň ruhy dünýäsiniň gőzellikleriniň jemlenmesi bolan baý edebi mirasymyzy, geçmişde ýaşan şahsyýetlerimiziň dőredijiligini ylmy taýdan őwrenmegiň zerurlygy bolsa tebigy suratda ýüze çykýar. Alym Arkadagymyz beýik şahsyýetlerimiziň, akyldar şahyrlarymyzyň edebi mirasyny düýpli hem ylmy çuňlugynda öwrenmeklik üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.

 Magtymguly Pyragy dőwri, durmuşy anyk hem sada dilde beýan etmegiň ussady, gőrelde mekdebi. Bu neneň şeýle bolmasyn?! Çünki, bu mukaddes toprak Abu Sagyt Abulhaýyr Mäne baba, Mőwlana Jelaleddin Rumy, Hoja Ahmet Ýasawy, Dőwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp ýaly birnäçe filosoflary, şahyrlary, beýik akyldarlary dünýä peşgeş berdi. Olaryň edebi taglymaty, çuň pähim paýhaslary ynsanyýetiň gőzýetiminiň, dünýägaraýşynyň kämilleşmegine saldamly goşant goşdy. Pyragy bolsa edebiýat, medeniýet, pelsepe ummanynyň läheňlerinden, olaryň miras galdyran bahasyna ýetip bolmajak eserlerinden ylham, täsir alyp, nesillere paýhas gorundan gymmaty egsilmejek serpaý ýapan akyldardyr.

Şahyryň duýgy dünýäsinde durmuşyň ähli ugurlarynda yşk düşünjesi esasy hereketlendiriji güýçdür, adam őmrüniň manysydyr. Şahyr sőýgä keramat, gudrat hőkmünde garaýar, ony hyýaly hasaplamaýar. Gündogar edebiýatynda däp bolan ýőrelgelerden tapawutlylykda, Magtymguly üçin sőýgi hyýalyň dőreden elýetmez duýgusy däldir. Yşk şahsyýetiň watana, tebigata, jemgyýete, ýaşaýşa bolan gatnaşygydyr. Şeýlelikde, şahyryň şahsyýetiniň sypatynyň bütinleý täze bir tarapy açylýar. Ol őzüniň dőredijiliginde biziň beýik şahyrlarymyz bolan Hoja Ahmet Ýasawynyň, Ýunus Emräniň, Nesiminiň, Fizulynyň, Azadynyň edebi däplerine eýerendir. Ýőne munuň bilen hem çäklenmän,  şol bir wagtda ol kitapdan geregini alyp, eser dőredendir we diňe XVIII asyr türkmen durmuşynyň derwaýyslyklaryndan, ilkinji nobatda-da, milli gymmatlyklardan ugur alyp eser  ýazan şahyrdyr.

Beýik çeper söz ussady, dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragy ynsanyýete diňe akyl paýhas  öwretmek bilen çäklenmän, eýsem okyjysy bilen aýratyn täsirli dilde ynsan duýgusyny güýçli tolgundyrmaga ukyply çeper keşbiň dilinde sözleşýär. Pyragynyň çuň paýhasy, ýiti zehini, őňdengőrüjiligi bilen kemala gelen şygyrlar ynsan kalbynda ebedi yz galdyrýar. Adamzadyň çeper hazynasyna baky giren ajaýyp edebiýatyň taryhyndan mälim bolşy ýaly, Magtymgulynyň çeper döredijiligindäki ähli ägirt işler, täzelikler, kämil hem-de özüne çekiji çeper görnüşler onuň dünýägaraýşy we ylhamlanmak duýgusy bilen bagly.

Söze ruh bermek sungatyna nazar aýlasaň, şeýleräk bir hakykata gőz ýetirýärsiň. Magtymguly beýleki sőz ussatlaryndan tapawutlylykda, türkmen edebiýatyna aýratyn hyzmatyny bagyşlady. Ol hem dünýä we onda adamyň orny, kämillik baradaky paýhasly pikirleriň ýokary derejede beýan edilmegidir. Magtymgulynyň tükenmez yhlas bilen ýazan yşky goşgulary hem okyjyny daşyndan bendi edýär. Şeýle şygyrlarda bir geňsi syryň bardygy aýan. Ol kőňül gőzgüsine ýaryň adyny hekkaklyk eýläp gazmaly boldy. Kőňlündäki yşkyň netijesinde dile gelen sőzleriň dürüni saýlap, ýaryň gőzel keşbini çekdi. Onsoň şeýle pikir ýüwürtmelerinden soň biygtyýar seriňe dolýan türkmen edebiýatynyň beýik ägirdiniň şahyrana dünýäsiniň syrly setirlerine nazar aýlamagyň őzboluşly täsiri kalbyňy gurşap alýar.

Beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek meseleleri alymlaryň őňünde keserip dur. Şahyryň edebi mirasynyň ylmy nukdaýnazardan őwrenilmegi űçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň műmkinçilikleri dőretdi. Beýik söz ussadynyň edebi mirasy türkmen ýaşlary üçin watansőýüjiligiň, asyllylygyň we ruhubelentligiň nusgasydyr. Onuň eserleri umumadamzat ahlak gymmatlyklarynyň Watanymyzy we halkymyzy çäksiz söýmegiň, dostlugyň we wepalylygyň, ar-namysyň we belent mertebäniň senasy bolup ýaňlanýar.

Magtymguly Pyragy türkmeniň görnükli akyldary, türkmen edebi diliniň düýbüni tutujylaryň biridir. Beýik türkmen şahyrynyň watançylyk, mertlik, geçirimlilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk, rehimdarlyk, myhmansöýerlik häsiýetleri baradaky goşgulary terbiýeçilik mekdepdir. Şahyr Watan, watansöýüjilik baradaky düşünjäni has-da belende göterýär. Onuň çuň many-mazmuna, ynsanperwerlige ýugrulan döredijiliginiň içinden watançylyk duýgulary eriş-argaç bolup geçýär.

Magtymguly Pyragy XVIII asyr türkmen edebiýatynda uly öwrülişik eden beýik şahsyýet. Ilki bilen, akyldar şahyr halk köpçüligine düşnüksiz bolan arap, pars dillerinde şygyr ýazmakdan saklanyp, hakdan içen ussatlygy bilen, halka düşnükli, sada dilimizi saýlap alypdyr. Şahyryň döredijiliginiň halka ýakynlygy hem hut şundandyr. Galyberse-de, Magtymguly Pyragy ylym ussady Döwletmämmet Azadynyň täsiri bilen, milli şygryýeti dünýä berdi. Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasyny, tutuş Gündogaryň ylmy-medeni dünýäsine ýetiren täsirini ylmy esasda öwrenmek hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede mynasyp belläp geçmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

Ajaýyp şygyrlary bilen türkmen halkynyň dünýägaraýşyny, watançylyk hakyndaky düşünjelerini ýokary derejelere çykaran Pyragynyň döredijiligi watansöýüji nesilleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Akyldar şahyr halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, özbaşdak döwlet gurmagy, türkmenleri birleşdirip, bu mukaddes toprakda özygtyýarly döwlet gurmak baradaky garaýyşlary öňe sürüpdir we bu işleri amala aşyrmaga şahsy goşandyny goşupdyr. Ol döwlet gurluşy bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenmek, ýakyn-u-alysdaky döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin Owganystana, Azerbaýjana, Siriýa, Hindistana we beýleki ýurtlara syýahat edipdir.

Gündogar şygryýetiniň göwher täjine deňelýän Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligi şygyrlaryndaky dürdäne garaýyşlarynda ýüze çykýar. Ol öz şygyrlarynda ynsanyň ähli ýokary ahlak sypatlaryny ussatlyk bilen suratlandyrýar. Akyldar şahyrymyzyň bize miras goýan şygyrlary tükenmez pähim-parasadyň, öwüt-nesihatyň çeşmesidir. Akyldar şahyryň şygyrlary ynsan kalbyna adalatyň, gujur-gaýratyň, pähim-parasadyň tohumyny sepeleýär. Magtymgulynyň döredijiligi bütin durky, kalbynyň joşguny, ähli pikirleri bilen, ilkinji nobatda, türkmen halky we onuň ykbaly bilen berk baglanyşyklydyr.

Dana şahyryň ajaýyp edebi mirasy öz röwşen nuruny diňe bir türkmen halkynyň kalbyna çaýman, ol Ýer ýüzüniň milletlerini dostlaşdyrýar, doganlaşdyrýar, halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Şahyryň şygyrlary ýigrimiden gowrak dillere terjime edilip, dünýä halklary tarapyndan okalýar. Russiýada, Ukrainada, Özbegistanda, Türkiýede şahyryň hormatyna onuň heýkelleri dikildi, şahyryň baýramçylyk senesine bagyşlanyp, her ýylda dünýäniň dürli künjeklerinde halkara derejede ylmy maslahatlar, duşuşyklar, çäreler geçirilýär. Onuň ajaýyp şygyrlary adamzat paýhasynyň dürdäneleri bolup ýalkym saçýar.

Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň döwletli başlangyçlarynda, tutumly işlerinde Magtymguly Pyragynyň erkana hem abadan durmuş, berkarar döwlet, il agzybirligi, ýurt abadançylygy, mert, watansöýüji, kämil nesilleri ýetişdirmek baradaky köňül arzuwlary, sözüň doly manysynda amala aşýar. Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan edebi mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem gymmatlygyna öwrülip, ebedi ýaşaýar.

Sapargeldi RAHYMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

166bc5015022ab.jpeg
Halk maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy

Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi.


166e33d3052645.jpeg
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili

Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär.


162c7f106b96c2.jpeg
Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy

Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak eziz Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.


162cba1ff0af91.jpeg
GURBAN BAÝRAMY - MUKADDES BAÝRAM

Berkarar döwletiň eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paý­laýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.


166515eeba8e2c.jpeg
Özgerişiň we gözelligiň paýtagty

Milli senenamasynda 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr. «Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdep, çagalar bagy gurulýar» ýa-da «Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary açylýar» diýen ýaly ýakymly hoş habarlar paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. H

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.