SANLY ULGAM – GIŇ MÜMKINÇILIKLER
09-10-24
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifkasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda dünýäniň ähli döwletlerinde, esasan-da, ykdysady taýdan ösen we ösýän ýurtlarda “sanly ykdysadyýet” adalgasy giňden ulanylmaga başlandy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döretmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynda innowasion taslamalar durmuşa ornaşdyrylýar. Saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag we kommunikasiýa, hyzmatlar ulgamy, orta we kiçi telekeçilik ýaly ugurlarda sanly ulgam üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Saglygy goraýyş ulgamyny mysal alanyňda, bu ugurda häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap hassahanalar hereket edýär. Bilim we ylym ulgamy göz öňüňe getirilende, ýokary we orta okuw bilim berýän mekdeplerde bir bitewi ulgam döredilip, ylym torunyň goruny has-da giňeltmek babatda işler talabalaýyk alnyp barylýar. Sanly ulgamyň halk hojalygyndaky peýdalary ummasyzdyr. Häzirki wagtda döwlet hyzmatlarynyň we işleriniň ýeke-täk portalynyň işe goýberilmegi babatda edilýän işler köp sanly pudaklaryň işlerini ýeňilleşdirýär. Bu portal (e.gov.tm) raýatlar hem-de işewürlik üçin elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge “bir penjire” diýen awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamydyr. “Bir penjire” ulgamy arkaly internet, ýerli we ykjam aragatnaşyk, IP-telewideniýe, demir ýol ýa-da howa gatnawlarynyň petekleri hem-de beýleki hyzmatlar üçin öz bank kartynyň degişli maglumatlaryny girizmek bilen, tölegleri tölemek ýola goýlar.
Sanly ykdysadyýet ýa-da sanly ulgam belli bir derejede internet ulgamy bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda internet hyzmatlarymyzdan peýdalanýanlaryň sany günsaýyn ýokarlanýar. Ýurdumyzda aragatnaşygyň barha täze usullaryny hödürlemäge aýratyn üns berilýär. Internet-banking we ykjam-banking hyzmatlary işjeň ornaşdyrylýar. şolaryň üsti bilen ýurdumyzda bolşy ýaly, onuň çäklerinden daşarda hem nagt däl hasaplaşyklary amala aşyryp, haryt-pul gatnaşyklaryny ýönekeýleşdirmek bilen, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek mümkindir.
Hormatly Prezidentimiz dünýäniň häzirki zaman ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň bütindünýä ulgamyna elýeterliligini giňeltmek boýunça wezipeleri goýýar. Bu edaralaryň kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy, IT meýdançalaryň döredilmegi okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ulanmak arkaly okuwlary geçirmäge mümkinçilik berýär, olaryň internete elýeterliliginiň üpjün edilmegi bolsa, okuw işini guramaga hem-de hünärmenleri halkara ölçegleriň talaplaryna laýyklykda taýýarlamaga giň mümkinçilikleri açýar. Aragatnaşyk pudagyny ösdürmek üçin döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda netijeli çäreler geçirilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi has-da kuwwatlandyrýar. raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler hemişelik üns merkezinde saklanýar. Ýurdumyzda 2025-nji ýyla çenli döwür üçin işlenip taýýarlanylan sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi ähli pudaklaryň we döwlet dolandyryş edaralarynyň tehnologik taýdan utgaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň ägirt uly serişde we önümçilik mümkinçilikleriniň esasynda ykdysady bilimiň kämilleşdirilmegini üpjün eder.
Milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze tapgyra geçmek döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilikleri döreder. Berkarar döwletimiziň ynamly ykdysady ösüşi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Mirhan TUWAKOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.