Medeniýet ulgamy we gender deňligini üpjün etmegiň milli-ruhy esaslary

27-05-22

Gender deňligi syýasaty häzirki döwürde halkara guramalarynyň üns merkezindäki wezipe bolmak bilen, bu syýasat ýurtlaryň kanunçylygynda hem-de halkara gatnaşyklary ulgamynda öz beýanyny tapýar. Şol sanda biziň ýurdumyzyň hem kanunçylygynda, şeýle-de halkara ähmiýetli resminamalara gatnaşygynda  mynasyp teswirlenilýär. Her bir halkyň hem milli-ruhy akyl ýetiriş çäklerinde gender deňligi barasyndaky pikire aýratyn kesgitleme berilýär. Şol kesgitlemäniň bu syýasatyň durmuşa geçirilmegine gatnaşygynyň nähili derejededigine garamazdan, onda durmuşa adalatly garaýyş esasy orunda durýar. Ylymda kesgitlenilişi ýaly, biologiki ulgam hökmünde öwrenilende, her bir indiwide umumy häsiýetlendirmeler mahsusdyr. 

Aristotelçilik taglymata laýyklykda, sosial hem-de jemgyýetçilik ýaradylyş jähetinde alnanda bolsa, adalatlylygy emele getirýän durmuş ýagdaýlary adamlaryň deňliginiň üpjün edilmeginde öz beýanyny tapýar. Şeýlelikde, bellemekçi bolýanymyz, gender deňligi düşünjesi hem adamzadyň ýaşaýşynyň ilkinji döwürlerinden kök urup, ol syýasat derejesinde, aýratyn düşünje hökmünde geçen asyrda işjeň mazmuna eýe boldy. Häzirki döwürde bolsa, gender deňligi halkara guramalarynyň hem-de ösen döwletleriň syýasatynda ünsden düşürilmeýän wezipedir. Mälim bolşy ýaly, BMG Durnukly ösüş baradaky ählumumy maksatlarynyň 17-siniň biri hem gender deňligi bilen baglanyşyklydyr.

Gender deňliginiň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasat häzirki döwre çenli dünýäde jynsparazlygyň aradan aýrylmagyna, zenanlaryň jemgyýetiň doly hukukly agzasy bolup çykyş etmegine giň mümkinçilikleriň döredilmegine düýpli täsirini ýetirdi. Şol sanda halklaryň medeniýetleriniň adamyň hukuklaryna garaýşy bu syýasatyň işjeňleşmegine itergi berýän içerki ýagdaýlardyr. Biziň Watanymyzda taryhyňdürli döwürlerinde kemala gelen milli-ruhy ulgam zenan maşgala bolan garaýşyň inçeliginde beýan edilýär.

Türkmen akyldar şahyry Magtymgulynyň adam, adamzat gatnaşyklarynda ýüze çykýan pikirleri hem gender deňliginiň köklerini özünde jemleýär. Çünki gender deňligi özüniň asylky manysynda adama deň göz bilen garamak garaýyşlarynda jemlenilýär. Adama deň ýaradylyş, şol bir häsiýetlendirmede beýan edilýän biologiki ulgam hökmündäki kesgitleme adamyň sosial we jemgyýetçilik birligi hökmündäki ornuna hem  bir deň  garamaga esas berýär. Umuman, adamyň gelip çykyşyna, onuň kärine we jemgyýetçilik wezipesine laýyklykda, deň mümkinçiliklerden peýdalanmagy   adalat ýörelgeleriniň gözbaşy hasap edilýär.

Häzire çenli döredilen paýhas ylymlarynda we taglymatlarynda hem adalatlylyk jemgyetçilik üçin esasy şert bolmak bilen, adalatyň baş ýörelgesi hem gender syýasatynyň maksatlarynda açylyp görkezilýär. Taryhy, filosofik, sosial nukdaýnazardan alnanda, gender deňligi adalaty doly mazmunda açmagyň esasy guralyna öwrülýär. Gender deňligi adalata dogry çemeleşmegiň netijesinde üpjün edilýär. Şonuň üçinem ol gönüden-göni kanunçylyk namalarynda şöhlelendirilýär. Türkmen zenanlarynyň jemgyýetçilik işjeňliginiň kanuny esaslary Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň kanunçylyk binýadyndan aýdyň görünýär. Ilki bilen anyk kanunçylyk resminamalaryna ýüzlenmegi dogry hasap edýäris. Türkmenistanyň «Neşirýat işi hakynda»kanunynda şeýle bellenilýär: 3-nji madda. Türkmenistanda neşirýat işiniň esasy maksatlary we ýörelgeleri

4) milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlaryna garamazdan awtorlar hökmünde raýatlara öz-özüňi aňlatmak üçin mümkinçilikler döretmek»

Belli bolşy ýaly, munuň özi zenanlaryň awtor hökmünde özüni aýan etmeginiň kanuny taýdan kepillendirilmesidir. Häzirki döwürde zenanlaryň jemgyýetçilik wezipesinde edebiýata, žurnalistika dahyllylygyň ýüze çykmagy aýratyn bellenilýär. Zenanlaryň özbaşdak döredijilik işi bilen meşgullanmak mümkinçiligi ýokary derejede amala aşýar. Häzirki döwürde ortaça hasap bilen alnanda, zenanlaryň döredijilik işine gatnaşygy umumy hasabyň 50 göterimine barabardyr. Döredijilikden oňat baş çykarýan, medeniýet ulgamynyň ösüşinde ýeterlik tejribe toplan zenanlar ulgamyň ýokary ösüşleriniň üpjün edilmegine öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. Olaryň ministrlik, redaktorlyk, kitaphana ýolbaşçysy ýaly derejelerdäki wezipelerde işlemegi olaryň häkimiýet dolandyryşyna has işjeň gatnaşmagyna itergi berýär. Şu ýerde «Döwlet gullugy hakynda»Türkmenistanyň Kanunynyň IV bap. Döwlet gullugyna girmek, ony geçmek we bes etmek. 22-nji  maddasyna ünsüň çekilmegi hem gerek. Onda şeýle diýilýär: «1. Hünär derejesine talaplary, taýýarlygynyň ugruny we şu Kanunda bellenilen çäklendirmeleri hasaba almak bilen haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine garamazdan 18 ýaşyny dolduran, döwlet dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet gullugyna hukugy bardyr».

Belli bolşy ýaly Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň II bölüm. Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary bellenilip, onuň 28-nji madda gönüden-göni adamyň, raýatyň kanunyň we kazyýetiň öňündäki deňligini, , 29-njy maddada bolsa, aýallaryň we erkekleriň azatlygynyň we hukuklarynyň deňligi we olary durmuşa geçirmekdäki deňligi kepillendirilýär. Şol ýerde 40-njy maddada maşgalanyň, eneligiň we atalygyň, çagalygyň döwletiň goragynda  durýandygy bellenilýär.

Şulardan görnüşi ýaly, ýurdumyzda zenanlaryň medeniýete bolan gatnaşygy kanuny taýdan doly kepillendirilendir. Döwletimiziň medeniýet ulgamynyň ösüşinde ähmiýetli orun eýeleýän halkara derejeli resminamalara gatnaşygynda hem zenanlaryň kanuny esaslandyrylan azatlyklary we hukuklary giň mümkinçilikleriň şertidir.

Eýsem, milli medeniýetimde gender syýasatynyň jemgyýetçilik ösüşlerinde sazlaşykly orun almagyna ýardam edýän ýagdaýlar nämelerde ýüze çykýar. Belli bolşy ýaly, medeniýet halklaryň umumy aň-paýhas, zehin derejesini, taryhy ykbalyny şöhlelendirýän sosial giňişlikdir. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen medeniýeti» atly kitaby bu ugurdaky ylmy maglumatlaryň gymmatly çeşmesi bolmak bilen, ondan türkmen medeniýetiniň ummasyz giň dünýäsi açylýar. 

Medeniýet – ruhy hem-de maddy medeniýet. Medeniýetiň  kökleri öz gözbaşyny taryhymyzdan alýar. Zenan maşgalalara mahsus lybaslaryň asylky görnüşinde hem ýurdy goran gerçekleriň söweş lybasyna meňzeşlik bar. Zergärçilik önümleriniň oýlanylyp tapylmagy hem gorag örtükli söweş lybaslaryndan gelip çykýar. Zenan lybaslarynyň bedeni tutuşlygyna örtmegi, olaryň şaý-sepler, ýagny metal bilen bedeniň aýry-aýry agzalarynyň örtülmegi gorag maksadyndan gelip çykýar. Watany goramaga hemişe taýýar bolmagyň erk-isleginden şeýle owadan lybaslar döräpdir. Isleg bolsa hakykat däldir, ol arzuwdyr. Çünki zenanlara türkmençilikde öý-ojagy saklamak ynanylypdyr, gerçek ýigitler bolsa Watany gorapdyrlar. Hemişe Watany goramaga oý-pikirlerinde taýýar bolmaklary, türkmen zenanlaryna lybaslary söweşi lybasyny alamatlandyrýan gurluşda lybaslary döretmeklerine sebäp bolupdyr. Häzirki zaman dilinde aýdanyňda, zenan lybasy Watany goramaga hemişe taýýar bolmagyň nyşanydyr. Şularyň özi hem türkmen zenanynyň jemgyýetde özüni erkekler bilen deň mümkinçilikde duýmagynyň esaslandyrylmasydyr.

Halk döredijilik eserleriniň kemala gelmeginde hem zenanlaryň juda uly paýy bar. Zenanlar tarapyndan ýerine ýetirilýän edebi žanrlaryň hem maglumat berijilik ähmiýeti ýokary bolup, bu türkmen aýal-gyzlarynyň jemgyýetçilik işjeňligini beýan edýän ýagdaýdyr. Hüwdülerde, toý aýdymlarynda ýer-ýurt atlarynyň we durmuş-ykdysady ýagdaýlar bilen bagly maglumatlaryň getirilmegi zenanlaryň habarlylyk derejesiniň ýokarydygyny aýan edýär. Mysallar:

 

Balam, balam bal kişi,

Balam badam iýmişi,

Boýy Bagdat gamyşy,

Dişi Merw kümüşi.

 

Horasanyň ak uny,

Sowgat gelsin gyzyma.

Eýranyň sary kişmişi,

Toýluk gelsin gyzyma.

 

Görnüşi ýaly, Bagdat gamşy, Merw kümşi, Horasanyň uny, Eýran kişmişi ýaly düşünjeler döwrüň syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýlaryndan habarlylygyň anyk mysallarydyr. Şunuň özi hem zenanlaryň jemgyýetçilik ornunyň ähmiýetliligini nygtaýar. Halk döredijilik eserlerinde  döwrüň wakalaryna seslenmek, jemgyýetçilik durmuşyna dahyllylyk, şunuň özi zenanlaryň ähmiýetli jemgyýetçilik orny hakyndaky pikirlere esas bolýar. 

Indi milli medeniýetimize gatnaşykda türkmen zenanlarynyň ornuna, olaryň işjeňlik nukdaýnazaryndan garap geçeliň. Belli bolşy ýaly, däp-dessurlarymyz milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Halkymyzyň däp-dessurlarynyň mazmuny hem zenanlaryň jemgyýetçilik   işjeňliginiň netijesidir diýmäge doly esas bar. Hususan-da, toý däp-dessurlarynyň, milli baýramçylyklaryň guralyşynda hem zenanlara uly orun degişlidir. Toýlarda we milli baýramçylyklarymyzda esasy hereket ediji merkez zenanlara degişlidir. Toý  däp-dessurlarynda gudaçylyga gitmek, gudaçylyga razylyk bermek ýagdaýlarynda hem zenan maşgalalar akylly-paýhasly hereket edýärler. Olar gudaçylyk meselesinde käbir ýagdaýlarda özbaşdak, käbir ýagdaýlarda maslahatlaşyp gudaçylyk meselesinde çözgüde gelýärler. Toýy nähili guramak, näçe gün we harajat bilen sowmak meselelerine hem zenanlar gatnaşýarlar. Gelin edinmek, gyz çykarmak ýaly uly toýlarda toý däp-dessurlaryny berjaý etmek zenanlara degişli bolup durýar. Türkmen medeniýetinde ogul öýermek, gyz çykarmak, akgoýun toýy, dişlik toýy, galpak toýy bilen bagly däp-dessurlar  esasan zenan maşgalalar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Hasyl toýy, Gurban baýramçylygy, Oraza baýramçylygy ýaly ählumumy baýramçylyklarda hem zenanlar köpçülikleýin çärelerden çetde durmaýarlar.

Ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň arasynda zenanlaryň hem görnükli orunlary eýelemegi, olaryň jemgyýetçilik işjeňliginiň ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmakdaky umumy zähmetine ýokary baha berilýär. Döredijilik ulgamynda işleýän zenanlaryň döwlet derejesinde ýokary sylaga, hormata mynasyp bolmaklary türkmen jemgyýetinde zenan maşgalalara berilýän ünsüň ýokary medeniýetlilik derejesinde ýüze çykýandygynyň subutnamasydyr. Arkadagly Serdarymyza Watanymyzy özgertmek babatda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Ogulbaýram HATJYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

166bc5015022ab.jpeg
Halk maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy

Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi.


166e33d3052645.jpeg
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili

Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär.


162c7f106b96c2.jpeg
Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy

Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak eziz Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.


162cba1ff0af91.jpeg
GURBAN BAÝRAMY - MUKADDES BAÝRAM

Berkarar döwletiň eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paý­laýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.


166515eeba8e2c.jpeg
Özgerişiň we gözelligiň paýtagty

Milli senenamasynda 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr. «Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdep, çagalar bagy gurulýar» ýa-da «Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary açylýar» diýen ýaly ýakymly hoş habarlar paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. H

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.