BITARAPLYK — ABADANÇYLYGYŇ AK ÝOLY
09-12-23
Türkmenistanyň halky ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesini her ýyl uly buýsanç bilen dabaralandyrýar. Şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralar halkymyzyň asylly däp-dessurlary, asyrlaryň dowamynda döreden ruhy gymmatlyklary we ynsanperwer ýörelgeleri bilen utgaşýar.
Türkmen Bitaraplygy haýsydyr birsyýasy bileleşigiň öňe süren taglymaty bolman, eýsem, halkymyzyň döreden köp asyrlyk ýörelgesiniň we häzirki zaman dünýägaraýşynyň özboluşly sazlaşygdyr. Hemmeler bilen hoşniýetli gatnaşykda bolmak, dostanalyk ýaly häsiýetler türkmen halkyna asyrlaryň dowamynda mahsus bolandyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi milli jemgyýetçilik aňynda giň goldawa eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halkyny daşky dünýä üçin has düşnükli we açyk görkezýär.
Hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan öz borçnamalaryny yzygiderli we birkemsiz berjaý edýär. Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Esasy Kanunda berkidilen, umumy ykrar edilen halkara hukuklary goldaýar. Daşary syýasatda beýleki döwletleriň içki işine gatyşmazlyk, güýç ulanmazlyk, harby toplumlara we birleşiklere goşulyşmazlyk ýaly ýörelgelere ygrarly bolup, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilik, dostluk, birekbirege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklary ösdürýär. Bitarap Türkmenistan parahatçylygy, parahatçylyk dörediji ýörelgeleri goldamak işinde halkara bileleşige hemişe ýardam bermäge taýýardyr.
BMG-niň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylyk dörediji tagallalarynyň çäklerinde Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk konsepsiýasyny iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirmekde BMG bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmen Bitaraplygy deňsiztaýsyz dereje bolup durýar. Çünki ol döwletiň özbaşdak we hoşniýetli erkine laýyklykda saýlan ýolunyň anyk netijesidir. Ýurdumyz özüniň bitaraplyk ýörelgesi bilen adamzat medeniýetiniň ösüşine özboluşly goşant goşýar. Goňşy Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömeginiň berilýändigini, bu ýurduň ykdysadyýeti üçin möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini bellemeli. Munuň özi bitaraplygyň, şonuň bilen baglanyşyklylykda, hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň anyk netijeleridir diýip bolar.
Bitaraplyk — munuň özi syýasy, ykdysady, taryhy, medeni ugurlary özünde jemleýän janly we dörediji güýçdür. Hut şonuň üçin hem bu mesele boýunça geçirilýän halkara maslahatlaryň dowamynda Bitaraplygyň täze mümkinçilikleri açylýar we dürli ýurtlaryň wekilleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň tejribeleri baýlaşdyrylýar. Halkara forumlaryň bilim ulgamyny ösdürmek babatda hem ähmiýetlidigini bellemeli. Şeýle forumlaryň maglumatlary okuw gollanmalaryna girizilip, olary geljekki diplomatlar, ykdysatçylar, hukukçylar, žurnalistler bolan ýurdumyzyň talyplary içgin öwrenýärler.
Türkmen Bitaraplygy döwrümiziň we geljegimiziň ugur görkezijisidir, ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikdir. Goý, halkymyzy ösüşiň hem parahatçylygyň ýoly bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aýşat JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 5-nji talyby.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.