Animasiya grafika dizaýny, hereketli dizaýn

21-04-23

Hereketli dizaýn häzirki wagtda media, reklama, dizaýn pudaklarynyň aýrylmaz bir bölegidir. Bu gunki esasy temamyz bolsa, geljegiň möhüm hünäri diýip boljak şol hereketli dizaýn barada bolar. 

Hereketli dizayn (Motion design) — adyndan hem belli bolşy ýaly, grafikanyň hereket etmek hadysasy. Ýagny grafikanyň boşluk we wagt esasynda hereket edip başlamagy, grafikany täze multimedia derejesine çykardy we oňa hereketli dizaýn ýada hereketli grafika dizaýny diyip at berildi. Şu ýerde animasiya bilen hereketli dizaýnyň tapawudyny belläp geçmek möhüm. Animasiya diyip, koplenç halatda, bellibir personažy bolan we şol esasynda gürrüñ̌ berilýän hekaýanyň grafiki hereketine aýdylýar. Hereketli dizaýn diýip, abstrakt we merkezi nokadynda bir personažbolmadyk grafikalaryň  hereketlerine  aýdylýar.

XX asyryň ortalaryna çenli grafika öz funksiýasyny we estetikasyny hereketsiz, ýagny durnukly görnüşde ýerine ýetirýärdi. 1960-njy  ýyllarda animator Jon Uitniniň geçiren synagynyň netijesinde, grafikalar kompýuter arkaly hereketlendirilip başlanýar we ol täze wizual dil hökmunde kabul edilýär. Ondan soň grafika diýip boljak ähli zady: her dürli şekilleri, ýazgylary, 2D-3D modelleri, foto suratlary, hatda reňkleri hem hereketlendirip başladylar. Şol wagt hem Jon Uitni öz synagyndan çykan netije barada «herekete audio ýaly elementleri goşmak, ony has täsirli eder» diýip aýdýar.

Jon Uitniniň şol synagyndan soňra grafika öňküsinden has üýtgesik şekil alyp başlady, wizual effektleriň, animasiýalaryň we käbir kino tehnikalaryň esasynda ýerine ýetirilyän hereketli dizaýnyň tomaşaça ýetirýän täsiri hem artdy. Hereketli dizaýn adaty grafikadan maglumaty has düşnükli, ýeňil ýetirip, şol birwagtyň özünde gyzykly, özune çekiji etdi. Netijede bolsa, hereketli dizaýn häzirki zaman kinolaryň titrlerinden başlap, wideo klipleriň, teleýaýlymlaryň we gepleşikleriň, kompýuter oýunlaryň, reklamalaryň, web sahypalaryň, wideo arkaly tanyşdyrylyşlaryň we     ýene-de  birnäçe dürli­ dürli interaktiw tehnologiýalaryň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Käbir wideolarda ýerine ýetirilýän hereketler nähili ýeňil, ýönekeý ýaly görünýänem bolsa, hereketli dizaýnda asyl mesele hiç kimiň başarmaýan, aýratyn täsirli effekti däldigine ünsüňizi çekesim gelýär. Hereketli dizaýn özüniň köküni grafik dizaýnyňwe  hereketli surat, ýagny kino dünýäsinden alyp gaýdanlygy sebäpli, şolaryň binýatlyk aýratynlyklaryna esaslanýar. Bu diýmek, hereketli dizaýny özüne çekiji edýän zat onuň çylşyrymlylygy däl-de, öran inçe, sünnälenip dokalýan ritminde. Şol sünnälenip taýýarlanan ritm hem netijede biziň gözümize hereketiň ajaýyp lezzetini berýär.

Umuman, häzirki wagtda hereketli dizaýna Türkmenistanyň media we dizaýn pudagynda talap uly. Garaz, wideo we dizaýn hünäri bilen gyzyklanýan ýaşlara geljekde has hem gerekli hünär boljak hereketli dizaýny öwrenip başlamagy maslahat berýärin. Her bir hünärde bolşy ýaly, onuňhem tehniki tarapyny, ýagny programmasyny öwrenmek kyn däl. Emma sözüň doly manysynda hereketli dizaýnçy bolmak üçin yhlas, zähmet we wagt gerek bolýar. Ritm duýgurlygy ýokary bolan we hereketiň berýän gyzygyndan lezzet alýanlar bolsa, has çalt öwrenyärler.

Iň möhüm zat hem hereketli dizaýnyň döredijilik hünäri bolmagydyr. Ondaky giň mümkinçilikler dizaýnçynyň hiç haçan içini gysdyrmaýar, hatda hereketli dizaýnyň berjek estetikasy dizaýnçyny döredijilik tarapdan kämilleşdirip bilyär.

Taýýarlan Şemşat BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň  Kompýuter ylymlary we maglumat  tehnologiýalary fakultetiniň Animasiýa we grafika dizaýn hünäriniň talyby.

BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.


«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.


«BITARAPLYK, DOGANLYK — SAÝLAN AÝDYŇ ÝOLUMYZ!»

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Seradrymyz «Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr» diýip belleýär.


16926875026bf9.jpeg
«Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.