Bag ekmek — ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant
15-03-24
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşykly bolmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ugur Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň hem esasy meseleleriniň biri hökmünde bellenilýär. Ýurdumyz bu wajyp ugurda halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berler. Akyldar şahyrymyzyň ady bilen bagly bolan şanly ýylymyzda ýurdumyzda 3 million düýp bag nahalyny oturtmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu asylly işe mynasyp goşant goşmak maksady bilen, welaýatymyzyň ähli künjeginde ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Welaýatymyz boýunça ekiljek bag nahallary doly taýýar edilip, häzirki wagtda baglaryň ekiljek ýerlerinde taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Daşky gurşawy gowulandyrmak häzirki zamanyň iň möhüm meseleleriniň biridir. Biziň döwletimiz tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýeti bolan daşky gurşawy goramagyň wajyp meseleleriniň çözgüdine ägirt uly goşant goşup gelýär. Döwlet Baştutanymyz 9-njy fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen 2024-nji ýylda saýaly, pürli, miweli agaçlaryň we üzümiň jemi 3 million düýp nahalyny oturtmak hakynda Karara gol çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alýan gök zolaklary döretmekde, daşky gurşawyň abadançylygyny ygtybarly goramakda, halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy we dynç almagy üçin göwnejaý şertleri üpjün etmekde örän möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri arassa we howpsuz daşky gurşawy döretmekden ybaratdyr. Şoňa laýyklykda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara derejesindäki duşuşyklarda, maslahatlarda yzygiderli nygtaýşy ýaly, tebigaty goramak biziň ählimiziň umumy işimizdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda janly tebigatyň goraglylygy bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işleriň çygry ýurdumyzyň çäginden çykyp, halkara jemgyýetçiliginiň mynasyp bahasyna eýe bolýar. 2022-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherine BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» başlangyjyna bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly goldawy we goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň ýeten derejesiniň ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Ekologik abadançylygy we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün edýän bu giň möçberli çäre Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanylyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda netijeli dowam etdirilýär.
Diýarymyzyň dürli künjeklerinde müňlerçe gektara uzaýan tokaý zolaklaryny emele getiren ählihalk bag ekmegiň ýazky möwsümine her ýyl Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda badalga berilýär. Şu ýyl bolsa 16-njy martda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna paýtagtymyzyň we welaýatlaryň ýaşaýjylary agzybirlikde gatnaşarlar. Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäresiniň ýylyň-ýylyna geçirilip durulmagy netijesinde ýurdumyzyň çäklerindäki tokaý zolaklarynyň gerimi barha giňelýär. Aýratyn-da, paýtagtymyzyň töweregindäki baýyrlaryň bagy-bossanlyga bürenip oturyşy göwünlere ganat berýär. Sähralyklarda Garagumuň şertlerine laýyk gelýän sazak, gandym, çerkez ýaly gyrymsy agaçlar ekilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ekmek üçin saýlanylyp alynýan baglar ilki ylmy taýdan öwrenilýär. Şunda ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan we daşky gurşawa oňyn täsir edýän baglara aýratyn üns berilýär. Gorag zolaklary döredilende, pürli, saýaly, miweli, üzüm, tut nahallary köp ekilýär.
Şeýle sogaply işleriň yzygiderli dowam etdirilmegi, millionlarça agaç nahallarynyň ekilmegi diňe bir tebigatyň däl, eýsem, ynsan saglygynyň hem aladasydyr. Ine, geçen ýyl ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikleri tarapyndan paýtagtymyzda we welaýatlaryň töwereklerinde 3 million düýp bag nahalynyň ekilendigini göz öňüne getireniňde-de, bu sogaply işleriň nesilleri tebigata bolan söýgi bilen terbiýelemegiň özboluşly mekdebidigi baradaky pikir seriňe dolýar.
Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen her ýylda badalga berilýän bu ajaýyp çäre ata-babalarymyzyň bag ekmek baradaky asylly ýörelgeleriniň taryhy döwürde barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar. Baglar ömürlere, döwürlere saýadyr. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzy asylly işlere, maksatly tutumlara ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň berkarar eden ajaýyp döwletinde ýazlary gözelleşdirýän görkana baglaryň hatary barha artyp, ömürlere, döwürlere saýa salsyn!
Jemal IŞANKULYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy.
Halk maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy
Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi.
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili
Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär.
Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy
Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak eziz Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.
GURBAN BAÝRAMY - MUKADDES BAÝRAM
Berkarar döwletiň eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.
Özgerişiň we gözelligiň paýtagty
Milli senenamasynda 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr. «Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdep, çagalar bagy gurulýar» ýa-da «Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary açylýar» diýen ýaly ýakymly hoş habarlar paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. H
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.