Rubrikalar / Bulary bilmek gyzyklydyr
Bulary bilmek gyzyklydyr
Dünýäniň iri gurluşyk kompaniýalary
Iri gurluşyk kompaniýalary häzirki zaman bazar gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýärler. Käbir döwletlerde bu ugurdan girýän girdejiler döwletiň umumy girdejisiniň 50 göterimden gowragyny eýeleýärler.
Dünýäniň iri söwda merkezleri
Ynsanyň ýönekeý alyş-çalyş etmek babatda gatnaşyklary barha ösüp, söwda babatda gatnaşyklary barha ösüp, söwda babatda medeniýetiň kemala gelmegine, iri söwda we alyş-çalyş merkezleriniň gurulmagyna şertleri döredýär. Söwda medeniýetiniň gadym döwürlerden bäri ösüp gelýän çygyrlarynyň biri hem iri bazarlaryň, söwda merkezleriniň gurulmagydyr. Şunda bu desgalara adamlaryň köpçülikleýin gelmegi, erkin söwda etmekleri, dynç almaklary we göwün açmaklary göz öňünde tutulýar.
DEŇIZ DEREJESINDEN PESDÄKI ŞÄHER
Ýer ýüzündäki relýefini, geografiýasyny we beýleki maglumatlaryny öwrenmekde deňiz derejesini kesgitlemegiň uly ähmiýeti bardyr. Deňiz derejesi hökmünde yklymlaryň ýurtlary üçin kabul edilen nokatlar bardyr. Deňiz derejesinden pesde ýerleşýän ýurtlardyr şäherleriň çäkleri gurak hem-de yssy howalylygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde saglygyňy dikeltmek üçin arassa howa, duz we beýleki peýdaly baýlyklaryň ýataklary, şeýle-de taryhy we tebigy ýadygärlikler saklanyp galandyr.
IŇ GADYMY KARTALAR
«Geografiýa nämeden başlanýar?» diýen soraga: «Kartadan» diýip jogap berýäris. Eýsem ilkinji kartalar haçan we nirelerde döredikä?
KERPIJIŇ DÖREÝIŞ TARYHYNDAN
Ot ýakyp, onuň kömegi bilen kerpiç bişirmegiň öwrenilmegi adamzadyň medeniýetli ýaşaýşa tarap äden möhüm ädimi bolupdyr. Arheologiki gazuw-agtaryşlar kerpijiň mundan 5 müň ýyl ozal hem gurluşyk üçin peýdalanylandygyny görkezýär. Orta Gündogar giňişliklerinde kerpiç bişirmegiň mundan 10 müň ýyl ozal oýlanyp tapylandygyny subut edýän ylmy maglumatlar hem bar.
DUZY KÖP ÖNDÜRÝÄN ÝURTLAR
Ynsan uzak taryhy geçmişiniň dowamynda nahar dyzunyň gündelik durmuşdaky ähmiýetini ýüze çykarypdyr. Bu ilkidurmuş açyşy soňy bilen Ýer ýüzünde iri duz ýataklarynyň ýüze çykarylmagyna we özleşdirilmegine, bu ugruň dünýä ykdysadyýetiniň we senagatynyň aýrylmaz bölegine öwrülmegine badalga bolupdyr. Duzuň gazylyp alynyşy barada ilkinji ýazgylary biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllyga degişli hytaý çeşmelerinden tapmak mümkin.
Goýberiliş №48 (28.11.2020 ý.)
Goýberiliş №47 (21.11.2020 ý.)
Goýberiliş №46 (14.11.2020 ý.)
Goýberiliş №45 (07.11.2020 ý.)

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.