Rubrikalar / Bulary bilmek gyzyklydyr
Bulary bilmek gyzyklydyr
Bulary bilmek gyzyklydyr
Tailandda hereket edýän Maklong bazary dünýäniň iň täsin bazarlarynyň biri bolup, ol bazar gatnawly demir ýol relslerine ýanaşyk görnüşde gurlandyr. Günüň dowamynda sekiz gezek otly gatnawynyň amala aşyrylmagy bolsa bazaryň özüne çekijiligini artdyrýar.
Bulary bilmek gyzyklydyr
Örän duýgurlygy bilen haýran galdyrýan “Utanjaň gül” ösümligi ýapraklaryna deglen badyna ýygrylmagy bilen tapawutlanýar. Adyny hem şu häsiýetinden alan ösümlik, adatça, günüň dowamynda säher bilen açylyp, garaňky düşende ýygrylýar.
Bulary bilmek gyzyklydyr
Ynsan beýnisiniň mümkinçiliginden has ýokary başarnyga eýe bolan iň güýçli kompýuter sekuntda 38 müň trillion amaly ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Bu kompýuter 3,584 terabaýt ýady bilen tapawutlanýar.
Bulary bilmek gyzyklydyr
Sürüjisi tarapyndan itilip, herekete getirilýän iki tigirli ilkinji welosiped ulagy nemes Baron Karl fon Drez tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Drez öz ulagy bilen 1817-nji ýylda 14 kilometr ýol geçýär. Şeýle hem ol öz ulagyny 1818-nji ýylda Parižde sergä çykarýar.
Dünýäniň täsin aýna köprüleri
Adamzat aňynyň, şeýle hem ylmyň we tehnikanyň ösmegi bilen, ynsan ýaşaýşynyň barha täze oňaýlyklary döreýär. Ägirt uzak aralyklara çekilýän aýna köprüler şolaryň bir görnüşidir.
Ilkinji gazetler
Gazetler ilkinji dörän pursadyndan bäri adamlara täzelikleri habar bermek wezipesini ýerine ýetirip gelipdir. Eýsem gazetleriň ýüze çykyş taryhy haýsy döwürlere degişlikä?
Ilkinji gorag gutulary ― seýfler
Hususy eýeçiligiň döremegi bilen, adamzat durmuşynda gazanylan gymmat bahaly emläkleri beýlekileriň açyp we göterip gidip bilmejek agyr hem-de berk gutularynda gorap saklamak kada öwrülipdir. Ilkinji gorag gutulary bolan seýfleriň oýlanylyp tapylmagy bi işde öňegidişligi gazanmaga mümkinçilik beripdir.
KÖPRÜLERI GURMAGYŇ TARYHYNDAN
Köprüleri gurmagyň taryhy müň ýyllyk gadymyýete uzaýar. Ilkinji döwürlerde köprü diýip derýanyň jülgesiniň gatnawly ýollar bilen kesişýän ýerinden atylan nawlara düşünipdirler. Soňa baka berk bolar ýaly, olaryň astyndan daşdan ýa-da nawlardan dikilen diregleri goýupdyrlar.
MERMERIŇ TARYHYNDAN
Häzirki zaman binalaryň we desgalarynyň gurluşygynda mermer bilen bezemek işlerine aýratyn orun berilýär. Manysy boýunça «ak» we «ýalpyldawuk» diýmegi aňladýan mermer daşy bilen örtülen jaýlar, otaglar we zallar, içki we daşky diwarlar arassaçylygy, ekologiki abadançylygy, gözegeliwliligi saklamaga giň mümkinçilikleri berýär.
Bulary bilmek gyzykly
Paýtagtymyzda ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde müňlerçe dürli öwüşginli şarlar, oýnawaçlar, «2020» ýazgysy bolan sekizburçly ýyldyz bilen bezelen Baş arçanyň beýikligi ýokarysyndaky ýyldyz bilen bilelikde alanyňda 40 metrdir.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.