Rubrikalar / Bulary bilmek gyzyklydyr
Bulary bilmek gyzyklydyr
BURAWLAMAGYŇ TARYHYNDAN
Nebiti we ugurdaş gazy burawlap almagyň oýlanyp tapylmagy we ornaşdyrylmagy ykdysadyýetde, senagatda uly öwrülişik eden waka bolupdyr. Taryhy maglumatlar bu ugurda ilkinji buraw işleriniň Russiýa patyşalygy tarapyndan 1846-njy ýylda Azerbaýjanyň Baku şäheriniň golaýyndaky Bibi-Eýbat şäherçesinde geçirilendigini habar berýärler. Bu ilkinji burawlanan nebit guýusynyň çuňlugy 21 metre barabar bolupdyr.
ÖÝDEÇIMI, DÜZDEÇI?
Ynsanyň medeniýetli ýaşaýyş keşbine girip başlamagy bilen, öz gündelik durmuşynda ýabanylykdan eldekileşdirilen haýwanlaryň hyzmatyndan peýdalanyp başlanyna müňýyllyklar geçipdir. Hatda şu günki gün oba hojalyk mallary hökmünde belli bolan goýunlaryň, geçileriň, sygyrlaryň we beýleki haýwanlaryň hem gadymy ata-babalary ýabany haýwanlar bolupdyr.
IŇ ULY ÝERASTY GEÇELGELER
Adamzat ömrüniň dowamynda söwda, ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen dürli görnüşlerdäki ýollary, geçelgeleri gurup gelipdir. Tebigatyň döreden mümkinçilikleri bilen ynsan paýhasynyň utgaşykly netijesi bolan ýerasty awtomobil we demir ýol, suw geçelgeleri (tuneller) olaryň iň täsinleriniň biridir.
AKWARIUMDA ÝAŞAÝAN BALYJAKLAR
Akwariumda balyjaklar saklamak, olary suwdaky hereketlerine, oýunlaryna tomaşa etmek arklyňy durlaýjy, gözellige bolan teşneligiňi gandyryjy täsir edýär. Akwariuma goýbermek üçin balyjaklar saýlanyp alnanda, esasan, az aladany talap edýän görnüşleri saýlanyp alynýar.
KARBAMID ÖNDÜRIJI ÝURTLAR
Dünýäde ekilýän ýerler üçin emeli dökünleri öndürmek senagatyň iň öňdebaryjy pudaklarynyň biridir. Häzirki wagtda karbamid öndürmek babatda iň öňde barýan ýurtlar Hytaý, Hindistan we ABŞ hasap edilýär.
IŇ IRI DÄNELI KOFE
Kofe içgisiz şu günki gün dünýäniň islendik yklymlarynda giňden ýaýrandyr. Kofe görnüşleriniň arasynda «maragodžip» sorty dänesiniň beýleki adaty kofe görnüşleriniňkiden 3,5 esse irilik bilen tapawutlanýar. Bu kofe görnüşi deňiz derejesinden 600-700 metr beýik ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýär. Bu kofe dänelerinden taýýarlanýan içgi özüniň ýumşak tagamy we ýakymly ysy bilen tapawutlanýar.
OBASENAGAT TOPLUMYNDAKY ÖSÜŞLERIMIZ
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen birlikde, obasenagat toplumy hem uly ösüşleri başdan geçirýär. Ýakynda geçen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde bellenip geçilişi ýaly, geçen 2021-nji ýylda, 2020-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, ýurdumyzda öndürilen gök önümleriň möçberi 5 , miwe we ir-iýmişleriň möçberi 2,6 , ýeralmanyň möçberi 9,2 , diri aramdaky etiň öndürilişi we süýdüň möçberi 0,9 göterim artdy.
ÝURDUMYZYŇ ENERGETIKA BAÝLYKLARY
Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir. Mähriban Arkadagymyzyň ynsanperwer syýasaty, Energetika diplomatiýasy esasynda bu baýlyklarymyz dünýäniň ýurtlarynyň, halklarynyň ojaklaryny ýylatmagy üçin bazar bahasyndan diwersifikasiýa ýoly bilen eksport edilýär.
GURLUŞYK PUDAGYNDAKY ÖSÜŞLERIMIZ
Hormatly Prezidentimiziň parastly baştutanlygynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzda gurluşyk, binagärlik ulgamynda ýokary netijeleriň gazanylan zamanasyna öwrüldi. Şäherlerimiz we obalarymyz gyradeň ösdürilip, ilat ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýär.
Dünýäniň iň iri suw howdanlary
Emeli suw howdanlary uly akarlaryň, şaglawuklaryň suwlaryny, durmuş maksatlary üçin bir ýere toplamaga, suwlary sowmaga hyzmat edýärler. Şular ýaly emeli suw howdanlary dünýäniň ýüzünde müňlerçedir.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.