Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
ULAGLAR ULGAMYNYŇ MÖHÜM UGRY
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça işlenilip taýýarlanylan «2012–2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasy» täzeçil tehnologiýalaryň öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirlenmeleriň we öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagyny nazarlaýar. Bu maksatnama laýyklykda, paýtagtymyzda we welaýatlarda täze howa menzilleri guruldy we ozal bar bolanlary döwrebaplaşdyryldy.
SAÝLAWLARA IŞJEŇ GATNAŞALYŇ!
Milli parlamentiň hil taýdan täze iki palataly düzüminiň döredilmeginiň Garaşsyz Türkmenistanyň syýasy ösüşiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döreder. Ýurdumyzda saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, aýanlykda we halkara derejesinde, milli demokratik ýolumyz esasynda guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan iň bir wajyp wezipedir.
Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy
Islendik halkyň, milletiň özboluşly, bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklary bolýar. Garaşsyzlyk hem türkmen halkynyň, türkmen döwletiniň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak gymmatlygydyr. Garaşsyzlyk Watanymyzyň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Garaşsyz döwlet özygtyýarlylygyň we öz ykbalyňy özüň kesgitlemegiň aňlatmalary bolmak bilen bir hatarda dünýä bilen aýakdaşlygy, milli mirasyň köklerine daýanmagy hem alamatlandyrýan düşünjedir.
Joşgunyň we täzelenişiň baýramy
Töwerege elwan güllerini ýaýradyp bahar geldi. Bu günki gün halkymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň otuzynjy baharyny şatlyk-şowhun bilen garşylaýar. Baharyň şadyýanlygy, täzelenişi bütin töweregi gurşap aldy. Bahar geldi. Bahar bilen hiňňildikler guralyp, semeni gaýnadylyp, ala-ýaza öwrülýän Milli Bahar baýramymyz — Halkara Nowruz baýramy hem ýetip geldi. Berkarar döwletimiziň ýazlary soňky ýyllarda has hem uly tutumlara beslenýär.
gözelligiň hem janlanyşyň nyşany
Pasyllaryň arasynda bahar pasly gözellik meýillerini oýarýan owadan görki bilen aýratyn tapawutlanýar. Baharda bellenilýän Nowruz baýramynyň düýp mazmunynda hem ata-babalarymyzyň ahlakly-pelsepewi garaýyşlary ýatandyr. Taryhçy alym W. Sarianidi gadymy Marguşda Nowruz baýramy bellenilende berjaý edilýän däp-dessurlary irginsizlik bilen yzarlap öwrenipdir. Şonda alym Marguşyň ilatynyň bu baýramda oda, topraga, suwa, howa mukaddeslik hökmünde tagzym edýändiklerini anyklapdyr.
Zenan – zeminiň zynaty
Türkmen jemgyýetinde ata-babadan gelýän milli ýolumyzda zenanlaryň aýratyn ornunyň bolandygyna biziň beýik hem şöhratly taryhymyz güwä geçýär. Geçmişde ata çykyp, ýurt goramaga gatnaşan, halkyň taryhynda öçmejek yz goýan meşhur zenan şahsyýetlerimiziň atlarynyň hatarynda edep-ekramy, taýsyz gözelligi,nusgawy şahyrlarymyzyň ylham güzerine öwrülen gelin-gyzlarymyzyň nesillere ebedilik nusgadygy hem milletimiziň buýsanjydyr.
Iri taslamalaryň metbugat brifingI
Ýakynda möhüm düzümleýin desgalaryň üçüsiniň — Kerki (Türkmenistan) – Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, «Akina — Andhoý» beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýoluň, şeýle hem iki ugur — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr geçelgeleriniň işe girizilmegine bagyşlanyp, giň göwrümli metbugat brifingi geçirildi.
MAGTYMGULYNYŇ ŞYGRYÝET ÄLEMI
Hormatly Prezidentimiz edebi mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak barada uly tagallalary edýär. Hut şonuň üçinem kämil medeniýetimize we sungatymyza Ýer ýüzüniň ähli döwletlerinde belent sarpa goýulýar. Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-nji ýylda bellenilip geçiler. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr.
Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili
Joşgunly aýdym-sazlar, şygyrlar ynsana ganat baglap, ony ýaşaýşa höweslendirýär. Şahyrlaryň göwün joşundan çykýan şygyrlar ynsan ruhuny galkyndyrýar. Muňa beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okanyňda has-da göz ýetirýärsiň. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň şygyrlary gymmatly hazynadyr. Magtymguly Pyragynyň diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda-da sarpasy uludyr.
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GOŞGULARYNYŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI
Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgulary halkara derejesinde uly meşhurlyga eýedir. Şahyryň döreden goşgulary, olarda öňe sürýän pikirleri çuňňur many-mazmuna eýe bolup, okyjylaryň kalbynda orun alýar. Täze taryhy eýýamda akyldar şahyryň ajaýyp eserleri ylmy esasda öwrenilýär we dünýä ýaýylýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.