Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Täze ýyl — täze üstünliklere badalga
Bagtyýar halkymyz ýene-de sanlyja günlerden agzybirlikde we jebislikde uly şatlyk-şowhun, dabara bilen täze — 2026-njy ýyly garşylar. Şoňa görä-de, ýakynda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň, asylly däbe görä, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşmagy bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk we begenç duýgusyny döretdi. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly bagtymyzdyr».
Halkymyzyň saglygyny goramak - baş maksadymyz
Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ähli zatdan ileri tutulyp, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, her bir raýatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar.
«Awaza» milli syahatçylyk zolagy – halkara hyzmatdaşlygyň mekany
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň giň gerimli hyzmatdaşlyk strategiýasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de sebit we halkara derejede ynamly, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde öz abraýyny barha artdyrýar.
Ynsanperwerligiň, açyklygyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň beýany
Golaýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň hem-de guramanyň Baş sekretarynyň gatnaşmagy ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalanýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Medeni diplomatiýa halklaryň arasynda özara düşünişmegi ösdürýän bolsa, ykdysady hyzmatdaşlyk şol düşünişmegiň anyk netijelere öwrülmegine ýardam edýär.
Arassa howa – sagdynlygyň girewi
Arassa howa adamyň saglygyna ömürboýy täsir edip, onuň hemişe janynyň sag, ruhubelent ýaşamagyna hemaýat edýär. Munuň üçin daşarda gezim etmegiň uly ähmiýeti bar. Arassa howanyň saglyga peýdasy kändir. Günde birnäçe gezek otaglaryň howasyny çalşyp durmaly, arassa howada gezelenç etmeli. Arassa howada gezelenjiň uly ähmiýeti bar.
DIL ÖWRENMEK DERWAÝYS MESELE
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň syýasy, ykdysady hem-de medeni ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de bu ugurda geçirilýän özgertmeler barha rowaçlanýar.
Hazaryň türkmen kenary — dost-doganlygyň, hyzmatdaşlygyň we ynanyşmagyň mekany
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan halkara giňişlikde möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan giň gerimli hyzmatdaşlyk strategiýasyny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirmegini dowam etdirýär hem-de sebit we ählumumy derejede ynamly, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde öz abraýyny barha artdyrýar.
ÝURDUMYZYŇ MILLI YKDYSADYÝETINIŇ ÖSÜŞINDE HIMIÝA SENAGATYNYŇ ORNY
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Häzirki wagtda ata Watanymyzda milli ykdysadyýetimiziň senagat kuwwatyny has-da ösdürmek boýunça oňyn işler durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň örän amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaýa, örän köp mukdardaky uglewodorod serişdelerine we beýleki ýerasty baýlyklaryna, üstaşyr geçirmek babatda uly ulag mümkinçiliklerine eýedigi aýdyň hakykatdyr.
Türkmenistanyň halkara ekologiýa diplomatiýasy
Hemişelik Bitarap Türkmenistan geçen döwrüň içinde ekologiýa bilen bagly meselelere yzygiderli we jogapkärli çemeleşýändigini görkezip gelýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda saýlanyp alnan bu ýol Diýarymyzyň diňe bir parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny kesgitlemek bilen çäklenmän, durnukly ösüşi, işjeň halkara hyzmatdaşlygy ugur edinýän milli ekologiýa strategiýasynyň kemala getirilmeginde hem möhüm şert bolup hyzmat etdi.
Hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesine eýerip
Hemişelik Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde giň möçberli energetika we logistika taslamalaryny durmuşa geçirip, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Ýurdumyz GDA-nyň giňişliginde ulag-kommunikasiýa arabaglanyşygyna aýratyn üns berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.