Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Aziýa döwletleri bilen dostluk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna üýtgewsiz eýerýär.
Halkara ekologik abadançylygy üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlyk
Häzirki wagtda ekologik abadançylygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegine hem-de onuň oňaýsyz täsirlerine garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmek Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde kesgitlenildi. Sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde jogapkärli orny eýeleýän Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryna işjeň gatnaşýar.
Tebigy ekoulgamlary goramaga gönükdirilen sammit
Adamzadyň bütin ýaşaýşyna we durmuşynyň gözelligine zeper ýetirmezlik üçin tebigaty söýmek, oňa aýawly garamak möhüm bolup durýar. Bu gün tebigat dünýäniň halklarynyň özi babatynda bir deň gopmagyny, özara düşünişmeklerini talap edýär. Ekologiýa sazlaşygyny saklamaga Türkmenistan mydama dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekip gelýär, döwletimiziň bu ugurdaky oňyn başlangyçlarydyr teklipleri giň goldawa eýe bolýar.
HALKYŇ SAGLYGY – DÖWLETIŇ BAŞ BAÝLYGY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde dünýä hil derejesindäki enjamlar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, şypahanalaryň, sport desgalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi adamlaryň saglygyny goramagyň, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň rowaçlanmagyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Awaza sammiti – hyzmatdaşlygyň täze belentlikleriniň nusgasy
Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ösüşler gazanylýar. Jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklanylýar. Türkmenistan sebit, halkara, dünýä derejesindäki maslahatlaryň, sammitleriň geçirilýän ýurduna öwrüldi.
Dostlugyň, parahatçylygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna
Türkmenistan halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Döwletimiziň halkara başlangyçlarynyň netijeli we ynsanperwer häsiýeti olaryň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylmagyny şertlendirýär. Bitarap Watanymyz olary durmuşa geçirmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezip, durmuş taýdan wajyp wezipeleri çözmekde tagallalary birleşdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar.
Saglygy goraýyş ulgamy – döwlet syýasatynyň möhüm ugry
Halkymyzyň saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladasy bilen, her bir raýatyň sagdyn bolmagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, adamyň ömrüni uzaltmakda we şol bir wagtyň özünde, halkara talaplara laýyk gelýän, maddy tehniki üpjünçiligi ýokarlandyrmakda, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmakda döwlet tarapyndan ägirt işler amala aşyrylýar.
Hoş geldiň, Täze ýyl - bedew batly ösüşleriň ýyly!
Tamamlanyp barýan we täze ýylyň sepgidinde geçen ýylda bitirilen işlere, gazanylan üstünliklere ser salmak asylly adata öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen at bilen geçen 2025-nji ýylyň ata Watanymyz, mähriban halkymyz üçin ajaýyp üstünlikleriň gazanylan, belent sepgitlere ýetilen şanly ýyl bolandygyny bellemek örän ýakymly.
Yklymda durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň çäginde goňşy döwletler bilen dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edip, sebitiň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmek boýunça netijeli başlangyçlary öňe sürüp, saýlap alan döredijilik ýoluna üýtgewsiz eýerýär.
Täze ýyl — täze üstünliklere badalga
Bagtyýar halkymyz ýene-de sanlyja günlerden agzybirlikde we jebislikde uly şatlyk-şowhun, dabara bilen täze — 2026-njy ýyly garşylar. Şoňa görä-de, ýakynda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň, asylly däbe görä, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşmagy bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk we begenç duýgusyny döretdi. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly bagtymyzdyr».
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.