Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesine eýerip
Hemişelik Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde giň möçberli energetika we logistika taslamalaryny durmuşa geçirip, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Ýurdumyz GDA-nyň giňişliginde ulag-kommunikasiýa arabaglanyşygyna aýratyn üns berýär.
Awaza — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we sebit diplomatiýasynyň strategik merkezi
Mälim bolşy ýaly, 8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň, şeýle hem Hazar ekologiýa sammitiniň geçirilmegi eziz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrdy.
BAÝDAGYŇ BELENTDIR DÜNÝÄŇ ÖŇÜNDE
Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasaty diňe bir halkymyzyň, ata Watanymyzyň gülläp ösüşine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, umumadamzat bähbitlerini üpjün etmegi nazarlaýar. Munuň özi ygtybarlylygy, açyklygy, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesiniň has-da ýokarlanmagyna, şan-şöhratynyň barha artmagyna ýardam edýär.
Ýurdumyzyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
15-nji dekabrda paýtagtymyzda ýakymly we uzak garaşylan Täze ýyl baýramynyň hormatyna däp bolan dabaralaryň başlanýandygyny alamatlandyrýan ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Asylly däbe görä, Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança her ýylda geçirilýän dabaralaryň esasy merkezine öwrüldi.
ÝURDUŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ KEPILI
Hormatly Prezidentimiz: “Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir” diýip, halkymyzyň parahat, asuda, bolelin durmuşyny goramagy ýurdumyzyň syýasatynyň esasy maksady hökmünde kesgitledi.
NESIL TERBIÝESINDE MILLILIK ÝÖRELGELERI
Türkmen halkynyň milli terbiýesi asylly ýörelgelerden gözbaş alýar. Ýaşlara watansöýüjilik ruhunda bilim-terbiýe bermäge aýratyn ähmiýet beren türkmen halky nesil terbiýesiniň kämil mekdebini kemala getiripdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, nesil terbiýesine üns bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
HUKUK KÄMILLIGI WE DÖWREBAP HYZMATLAR
Mähriban Watanymyz Türkmenistan taryhy ösüşleriň täze, synmaz belentliklerine ynamly gadam basýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalary her bir raýatyň bagtyýar ýaşaýşyny kepillendirýän kämil hukuk ulgamyna we döwrebap sanly tehnologiýalara daýanýar. Halkymyzyň asyrlar boýuň süzülip gelen parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik we agzybirlik ýörelgeleri häzirki zaman döwlet syýasatymyzyň esasy özeni bolup durýar.
DÖWREBAP ÖSÜŞLERIŇ YGTYBARLY BINÝADY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň hili we mazmuny yzygiderli kämilleşdirilýär.
HALKARA HUKUGYNDA MÖHÜM BAŞLANGYÇ
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
PÄHIMDAR PEDERLERIŇ ARZUWY
Garaşsyzlyk – bu eziz Watanymyzyň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly 35 ýylynyň içinde ata Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, belent sepgitleri eýeledi, dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hatarynda orun aldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde döwrümiziň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.