Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
ASYLLY MAKSATLARY ROWAÇLANDYRÝAN BITARAPLYGYŇ BAGTYÝAR ÝOLY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli we aýdyň maksatly işler netije berýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Munuň özi dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz etmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.
KÄMILLIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym-bilimli bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ylym-bilimi ösdürmekde, kämil hünärmenleri ýetişdirmekde ähli mümkinçilikleri döredýär. Esasan hem ýaşlaryň ene dilimizi çuňňur bilmekleri, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
BILIM ULGAMYNDAKY MÜMKINÇILIKLER – INNOWASION ÖSÜŞLERIŇ BADALGASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýär. Ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ony häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk getirmek, multimedia tehnologiýalaryny, interaktiw usullary ulanmak esasy wezipe bolup durýar. Şu wezipäni ýerine ýetirmek üçin mekdebimiziň mugallymlary hem uly tagalla edýärler.
NESIL TERBIÝESINDE MILLILIK ÝÖRELGELERI
Türkmen halkynyň milli terbiýesi asylly ýörelgelerden gözbaş alýar. Ýaşlara watansöýüjilik ruhunda bilim-terbiýe bermäge aýratyn ähmiýet beren türkmen halky nesil terbiýesiniň kämil mekdebini kemala getiripdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, nesil terbiýesine üns bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
BILIM ULGAMYNDA INNOWASION ÖZGERTMELER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär, ýaşlar döwrebap bilim alýarlar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeleri durmuşa geçirýär. Häzirki täze taryhy eýýamda ýurdumyzy ösdürmegiň milli nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda iň döwrebap ugurlar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ylmy esasda öwrenilýär.
DÜNÝÄ DEREJESINDE YKRARNAMA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri rowaçlanýar, döwrebap mümkinçilikler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda bilimiň iň döwrebap mümkinçilikleri, ýaşlaryň bilim öwrenmeklerinde ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler dünýäde uly ykrarnama eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi baradaky güwänama ýurdumyza gelip gowuşdy.
ŞANLY SENÄ BAÝRAMÇYLYK SOWGADY
Toýlarymyzyň toýlara ulaşýan häzirki şanly günlerde hoş habarlar gelip gowuşýar. Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitaby ähli ildeşlerimizde buýsanç döretdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly sene mynasybetli baýramçylyk sowgady boldy.
Sagdynlyk – bagtyýar durmuşyň binýady
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýola goýlan giň gerimli işler, saglygy goraýyş ulgamyndaky düýpli özgertmeler bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi we yzygiderli, tapgyrlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylyp, netijeli durmuşa ornaşdyryldy hem-de has kämilleşdirildi.
Sagdyn jemgyýet ― kuwwatly döwlet
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, hormatly Prezidentimiz halkymyzyň dünýä ülňülerine laýyklykda dynç almaklaryny, saglyklaryny berkitmeklerini döwlet derejesinde esasy meseleleriň biri hökmünde goýýar.
Halkymyzyň saglygyny goramak iň uly maksadymyzdyr
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-ýurt bähbitli ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilip, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy ýokary depginde ösdürilýär. Çünki ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek, ýaş nesilleriň sagdyn ösüp kemala gelmeklerini gazanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.